|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 16: Ysraýylyň taryhy baradaky gysga maglumatlar

Ybraýymdan Musa çenli

Ybraýym. Ur haldeý şäherinden çagyrylandyr. Ilkinji ýewreý. Hudaý oňa we onuň nesline Kengan ýurdy babatda wadalary beripdi. Ol bu wadalary alman, dünýäden ötdi.

Yshak. Ybraýym öz ogly Yshagy hudaýýolyna kesmäge taýyn bolupdy. Ybraýym imanly adam bolansoň, Hudaý oňa öz wadalaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Atasynyň buýrugyna boýun bolup, ölmäge taýýar bolan Yshagyň görkezen häsiýeti Mesihiň peýda bolmagynyň öňden bildiriji nyşanydyr. Wadalar Yshaga-da gaýtalanandyr (Barlyk Kitaby 26:3-5).

Ýakup – Yshagyň ogly. Wadalar şeýle hem oňa-da gaýtalanypdy. Ýakubyň on iki ogly bolupdyr: Ruben uly ogly, Beniamin iň kiçi ogly bolupdy. Lewiýanyň üçünji oglunyň nesilleri ruhanylar bolupdyrlar. Ýusup Yshagyň söýgüli ogly bolupdyr.

Ýusup. Ol heniz çagaka özüniň doganlarynyň üstünden höküm etjekdigini iki gezek düýşünde görüpdi. Haçanda Ýusup doganlaryna öz gören düýşlerini gürrüň berende, olar ony ýigrenipdiler hem-de ony gul edip Müsüre satypdylar. Wagtyň geçmegi bilen ol bütin Müsüri dolandyrdy we ýurdyň başyna injek ýedi ýyl açlygyň dowamynda ýeter ýaly uly galla zapaslaryny ýygnady. Ýakup we onuň ogullary açlykdan ölmejek bolup, Müsüre Ýusubyň ýanyna ýaşamaga geldiler. Olaryň hemmesi hem-de olaryň nesilleri Gesem topragynda ýaşadylar. Müsürde ýewreýler köp bolupdy. Faraon olary müsürlileriň gullaryna öwrüp, olary yzarlamaga başlady.

Musa şol döwürde dünýä indi. Enesi çagany ölümden halas edip, ony gamyşdan ýasalan sebediň içine saldy hem-de derýanyň kenarynda goýdy. Munuň ýanyndan geçip barýan faraonyň gyzy çagany gördi we ony ogullyga aldy. Haçanda Musa ýetişende, ol ýewreýi urup duran müsürlini öldürdi. Mundan soňra Musa Madiýam topragyna gaçyp gitdi we ol ýerde Iýoforyň goýunlaryny bakyp gezdi. Günlerde bir gün onuň öňünde ýanyp duran gyrymsy agajyň keşbinde Hudaý peýda boldy. Hudaý Musa faraonyň ýanyna gitmegi hem-de ýewreýlere azatlygy alyp bermegi buýurdy. Musa özüni Hudaýyň iberendigini görkezmek üçin keramatly işleri görkezdi. Ýöne faraon ysraýyllylary goýbermedi. Şonda Müsüre on betbaglyk (jezalar) ýollandy: gurbagalar, garaňkylyk, doly we ahyrsoňunda, müsürlileriň ähli ilkinji oglan perzentleriniň bir günde ölmegi. Şol gün her bir ýewreý maşgalasy guzyny soýup, onuň ganyny öz öýleriniň bosagalaryna çalypdylar. Bu Isanyň ganynyň bizi ölümden halas edip bilýändiginiň öňden aýdylan nyşany bolupdy. Bu gün pasha baýramy hökmünde meşhur boldy.

Çykyş. Ahyrsoňy, ýewreýlere Müsürden çykmak rugsat berildi. Olar Taňrynyň Perişdesiniň gündüzine bulut üýşmegi we gijesine ot sütümi görnüşde ýol salgy bermegi bilen gitdiler. Faraonyň goşuny olary Gyzyl deňziniň ýakasyna çenli yzarladylar. Bu deňziň suwlary keramat bilen serpilip, ýewreýleriň ondan geçmegi üçin ýol açdy we mundan soň suwlar öňki katdyna gelip, kowup gelýän müsürlileri gark etdi. Mundan soň ysraýyllylar çöl bilen wada berlen Kengan ýurduna tarap ugradylar. Hudaý olara içmäge daşdan suw çykaryp berdi hem-de her ertir ir bilen olara iýmäge manna görnüşde çöregi ýollapdy. Haçanda olar Sinaý dagyna ýetenlerinde, Hudaý olara on wesýeti hem-de Musanyň kanuny berdi. Şonda olar Taňrynyň Patyşalygyny düzüpdiler. Olara Hudaýa doga-dileg etmek üçin ýörüte çadyr gurmaklyk buýruk berildi. Olara Hudaý üçin hudaýýoly işlerini kabul eder ýaly ruhanylar we birinji ruhanysy hem berlipdi. Çadyryň ähli elementleri we ruhanylygy Isa Mesihiň öňden aýdylan nyşany bolupdy.

Wada edilen ýurt. Ahyrsoňy ysraýyllylar oňa çenli baryp ýetdiler. Bu ýurda eýelik edip boljakdygyny bilmek üçin öňürti ol ýere 12 içaly iberilipdi. Olardan on sanysy dolanyp, bu ýurda eýelik etmegiň kyn boljakdygyny aýdylar. Beýleki iki içaly bolsa – Isa Nawin we Kaleb Kengan ýurdy hakda dogrusyny aýtdylar hem-de hemmelere ol ýere gitmegi maslahat berdiler. Olar eger-de ysraýyllylarda Hudaýyň wadalaryna bolan ynam bar bolýan bolsa, onda olaryň bu ýurda eýelik etmek üçin ony alyp biljekdiklerini aýdypdylar. Ýöne adamlara on içala ynandylar hem-de şeýdip Hudapyň gaharyny getirdiler. Munuň üçin olar kyrk ýylyň dowamynda çölde gezmeli boldular. Bu olaryň Müsürden çykan pursatynda 20 ýaşdan uly bolanlar ölýänçä dowam etdi.

Isa Nawin Musaň mirasgäri bolupdy. Ol ysraýyllylary Kengan ýurduna alyp bardy. Olaryň ilkinji alan şäheri Ýerihon bolupdy. Munda Raaw ýaşapdy. Olaryň indiki basyp alan şäheri bolsa, Gaý bolupdy.

Kazylar. Haçanda ysraýyllylar ýurtda mesgen tutanlarynda, olary kazylar dolandyrypdyrlar; ýöne olaryň hakyky patyşasy Hudaý bolupdy. Kazylaryň arasynda Gedeon, Ýeffeý we Şamşon bolupdyrlar. Ysraýyllylaryň Hudaýyň öňündäki günäsi zerarly, ýurtlaryna duşmanlary çozýarlar. Olaryň hemmesi olary halas edipdirler. Ysraýylyň taryhy olaryň Hudaýa boýun bolmaýan mysallaryndan doludyr. Munuň üçin olar goňşy halklar tarapyndan çozuşlar arkaly jezalandyrylypdyr. Mundan soňra ysraýyllylar Hudaýyň öňünde günäleri üçin toba edipdirler we haçanda Ol olary duşmanl;ardan gutaranda, olar ýene-de öňküsi ýaly günä etmäge başlapdyrlar. Iň soňky kazy Şamuel bolupdyr. Onuň döwründe ysraýyllylar Hudaýdan öz Patyşasy hökmünde ýüz dönderipdirler hem-de goňşy halklarda bolşy ýaly, özleriniň patyşasynyň adam bolmagyny sorapdyrlar.

Patyşalar. Ilkinji patyşa Saul bolupdyr. Ilkibaşda ol gowy adam bolupdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol ahlaksyz adama öwrülipdir. Ol Hudaýyň nesihatlaryna boýun bolmandyr hem-de Dawudy yzarlapdyr. Saul ölenden soň, Dawut patyşa bolupdyr. Ol iň gowy ysraýyl patyşalarynyň biri bolupdyr. Hudaý oňa uly wadalary beripdir. Ondan soň onuň ogly Süleýman patyşa bolupdyr. Onuň hem başlangyjy gowy bolupdyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen onuň goňşy halklardan alan köp sanly aýallary zerarly hakyky imandan dänipdir. Onuň ölüminden soň patyşalyk iki bölege bölnüpdir: on taýpasy Ysraýyl patyşalygyny emele getiripdir. Olaryň ilkinji patyşasy Ýerowoam bolupdyr. Beýleki iki taýpasy bolan Iuda we Beniamin Iudeý patyşalygyny emele getiripdir. Olaryň ilkinji patyşasy Rowoam bolupdyr.

Ysraýyl patyşalygynda (10 taýpada) gowy patyşalar bolmandyr. Bu patyşalygyň ilaty hemişe Hudaýa gulak asmandyr. Hudaý olara köp pygamberleri ýollapdyr. Olar ysraýyllylaryň toba gelmegini ündäpdirler. Ýöne adamlar olaryň sözlerine gulak asmandyrlar. Şonuň üçin, assiriýler olaryň ýerine çozupdyrlar hem-de olary ýesir edip alyp gidipdirler. Soňra ýesir bolanlar dünýäniň dürli künjegine pytradylypdyr.

Iudeý patyşalygynda (2 taýpada) birnäçe gowy patyşalar bolupdyr (mysal üçin, Asa, Ýezekiýa). Ýöne düzgün bolşy ýaly, olar hem Hudaýa tabyn bolmandyrlar. Şonuň üçin olaryň patyşalygyna çozmak üçin wawilonlylar ýollanypdyr. Olar ilaty ýesir alyp, Wawilona äkidipdirler. Olar ol ýerde 70 ýyllap bolupdyrlar. Mundan soňra olaryň patyşasy bolmandyr. 70 ýyldan soňra olar Ezdranyň, Neýeminiň, Isa Nawinyň (şol döwür ol birinji ruhany bolupdyr) we Zorowaweliň baştutanlygynda Ysraýyla dolanyp gelipdirler. Bulardan iň soňkusy olaryň baştutany bolupdyr. Başda ysraýyllylary persler, soňra grekler we ahyrsoňunda bolsa, rimliler dolandyrypdyrlar. Haçanda Isa Mesih dünýä inende, olar Rimiň hökümdarlygynyň astynda bolupdyrlar. Ýewreýleriň Isadan ýüz dönderendikleri zerarly, biziň eramyzyň 70 ýylynda Hudaý rimlileri Ýerusalimi weýran etmäge ýollapdyr we ahyrsoňunda ýewreýleriň ählisi Ysraýyl topragyndan kowup çykarylypdyr.

Soňky on ýylyň içinde ýewreýler Ysraýyla dolanyp başlapdyrlar. Bu Köne Äht weliliklerinden biraz böleginiň berjaý bolmagydyr. Ysraýyl döwletiniň gaýtadan berkarar edilmesi hem-de Hudaýyň Patyşalygy hökmünde Ysraýyl patyşalygynyň bina edilmesi Isanyň basym dolanyp gelmeginiň alamatydyr.


 
Index