| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
Çekeleşme 17: Jadygöýlik (tebipçilik)Bu makala jadygöýlügiň durmuşyň adaty gündelik normasy bolan Afrikada we dünýäniň beýleki künjeklerinde ýaşaýan okuýjylar we talyplar üçin aýratyn ýazylandyr. Bibliýany öwrenýän ähli dogruçyl talyplar jadygöýlere, afrikaly tebiplere ýüz tutmaklygyň hakykaty saklamaklyk bilen deň gelmeýändigi bilen ylalaşýarlar. Emma men tebibe ýüz tutmaklygyň arzan düşýändigine we olaryň köplenç medisina lukmanlaryndan has ynandyryjy bolýandyklaryna düşünýärin. Munuň üstesine-de, syrkawlary bejermekde olaryň göz-görtele bolan üstünligi olary ýerli ilatyň ýňünde abraýly edýär. Biz bu kynçylyga düşnükli bibliýa oýlanmasy tarapdan seredip geçeris. Bu maýyl edýän meýilleri ýeňmek üçin hem-de bular ýaly adamlara ýüz tutmazlar ýaly güýji özüňde tapmaga ýardam berýän ýeketäk usuldyr. Jadygöýleriň (tebipleriň) özüne çekijiligiIlki bilen jadygöýleriň özüne çekijilik ukyplaryna analiz bermek zerurdyr. Biz olaryň üstünlikleriniň ep-esli derejede ulaldylandygyna ynamly bolup bileris. Olaryň şypa berşi hemmeler görüp bilerler ýaly hiç haçan aç-açan geçirilýän däldir. Eger-de olaryň şypa berşi hakykatdan hem üstünlikli bolýan bolsa, onda olar hassahanalarda işlärdiler hem-de olary bütin dünýäde görmek bolardy. Olaryň şypa beren syrkawlarynyň ýagdaýlary hakykatdan hem gowulaşandygy ýa-da erbetleşendigi hiç haçan anyk bolýan däldir. Jadygöýlerden kömek soramaga meýilli bolan adamlar öz-özlerinden olaryň güýjiniň kesgitli subutnamasynyň bardygyny, ýagny jadygöýe goly kesilen adamyň baryp, ondan işe ukyply bolan täze golly dolanyp gelendigini öz gözleri bilen (diňe bir eşitmän) görendiklerini soramalydyrlar. Jadygöýleriň dogruçyllygyna göz ýetirmek üçin munuň ýaly subutnama gerekdir. Ikinji Kanun Kitaby 13:1-3 bu babatda has aýgytly aýdýandyr: ysraýyllylara hatda pygamberiň ýa-da palçynyň bir alamaty ýa-da gudraty görkezse-de, bu adamyň Taňrynyň Sözüne laýyklykda, öwgüdiniň dogruçyllygyny subut edýänçä adamlaryň oňa ynanmaly däldigi öwredilipdi. Bibliýada subut edilşi ýaly, jadygöýleriň hakykata ynanmaýandyklary aýdyňdyr. Şonuň üçin öz-özüňi olara ynandyrmaga başyňy bermeli däldir hem-de olaryň hakyky güýjüniň bardygy hakda hem oýlanmaly däldir. Çünki güýjüň bütin çeşmesi Hudaýdan gelýändir (Rimliler 13:1; 1 Korintoslylar 8:4-6). Onsoň hem, olar haýsy keselleri bejerýärlerkä? Häzir adam özüniň beýnisiniň diňe bir göterimini ulanýandygy mälimdir. Onuň beýleki bölegi mümkinçiliklerimizden has ýokardadyr (adamlaryň muny Hudaýyň Patyşalygynda ýerine ýetirmäge ukyply boljakdyklary ikuçsyzdyr). Biz beýnimiziň biziň bedenimize fiziki täsiri ýetirip bilýändigini hatda düşünýän hem däldiris. Psihologlaryň gan kesellerini syrkawlara ganlarynyň düzüminiň gowudygyny we normal sirkulýasiýanyň bardygyny güýçli depginde ynandyrmak arkaly bejerýändikleri bellidir. Lukmanlar ortodoksal medisinasyna bagly bolmadyk bejeriş usullaryna-da käte ýüz tutýandyrlar. Biziň beýnimize edilýän stres täsirler aşgazan ýarasyny hem-de kelleagyryny döredip bilýändir. Beýnini köşeşdirmek ýa-da kesgitli maşklary ýerine ýetirmek arkaly bu agyrlary aýyryp bolýandyr. Ýöne, eger-de adamyň goly kesilen bolsa, onda hiç hili akyl ýetiriş maşklar ony dikeldip, öňküsi ýaly ýerinde goýup bilmez. Şonuň üçin jadygöýleriň (tebipler) biziň aňymyzyň gözegçilik edýän kesellerini bejerip bilmekleri mümkin. Beýnimiziň nähili derejede işleýändigine doly akyl ýetirmeýändigimiz üçin, bize jadygöýlerde munuň ýaly ukybyň bardygy ýaly görünýär. Ýöne bu beýle däldir. Diňe adamlaryň aňyna täsir etmek bilen, olar öz şypa beriş işlerinde belli bir netijeleri gazanyp bilýändirler. Güýjüň çeşmesiEmma ähli zada garamazdan, ähli güýç Hudaýdan gelýändir. Ähli gowy we erbet zatlar, keseller hem jadygöýlerden gelmän, eýsem Hudaýdandyr. Bu hakda Mukaddes Ýazgylarda köp aýdylýar: Işaýa 45:5-7; Miheý 1:12; Amos 3:6; Çykyş 4:11; Ikinji Kanun 32:39; Eýup 5:18. Bularyň ählisini üns bilen okamalydyr. Ýokarda aýdylanlardan, syrkaw bolan wagtymyz biz Oňa doga-dilegde ýüz tutmalydyrys hem-de şol bir wagtda lukmanlaryň bize bellän dermanlaryny ulanmalydyrys. Eger-de biz kömek sorap jadygöýlere ýüz tutaýsak, onda biz özleriniň bize kömek berýän „gara güýçlere“ eýediklerini tassyklaýan adamlara ýüz tutýandygymyzy bilmelidiris. Ýöne biz munuň ýaly güýçleriň hakykatdan hem ýokdugyny bilýäris. Jadygöýlere kömek sorap ýüz tutmaklyk – bu ähli zatdan belentde bolan Hudaýa ynanmazlykdyr. Bize keselleri Onuň ýollaýandygyna ynanmazçylyk etmek bolsa, olaryň özleriniň tassyklaýyşlary ýaly, diňe jadygöýlere ukyply bolan başga güýçleriň muny başarýandyklaryna ynanmakdyr. Haçanda adamlar şeýle pikir edende, Hudaý örän gynanýandyr. Çünki Ol keselleri hem Özüniň ýollaýandygyny hem-de Özüniň ähli zady başarýan Hudaýdygyny bilýändir. Ysraýyllylar Hudaýa ynanypdyrlar. Ýöne olar özleriniň durmuşynda hereket edýän başga bir güýçleriň hem bardygyna ynanypdyrlar we bu güýçleriň şanyna döreden butlara tagzym edipdirler. Bu şeýle bir Hudaýyň gaharyny getirdi welin, Ol olary öz halkynynyň hataryndan kowup çykardy (Ikinji Kanun 32:16-24). Eger-de biz Hudaýa doly derejede ynanmaýan bolsak, onda Onuň üçin biziň asla ynanmaýandygymyzdyr. Hakyky Ysraýyl Hudaýyna bolan öz imanyň hakda aýtmaklyk we şol bir wagtyň özünde bolsa, Hudaýdan aýra bar bolan başga bir güýçlere hem ynanmaklyk hem-de bularyň bizden çykyp gitmekleri üçin, jadygöýe bu güýçlere täsir etmäge synanyşmaga ygtyýar bermeklik – bularyň bary ysraýyllylaryň edil geçmişde edişleri ýalydyr. Ysraýyllylaryň dowamly, tukat butparazlygynyň taryhy „biziň öwrenmegimiz üçin ýazylandyr“. Biz munuň ýaly güýçlere ynanýan adamlar bilen asla gatnaşmaly däldiris. „...nuruň tümlik bilen nähili ýoldaşlygy bar? Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz... Reb diýýär: „Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň... Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz“ (2 Korintoslylar 6:14-18). Eger-de biz hakykatdan hem jynlara bolan ynamyň ýalandygyny kabul etsek we olardan aýrylmak üçin, elimizden gelenini berjaý etsek, onda biz hakykatdan hem Hudaýyň hut Özüniň perzentleridigimiz hakda şöhratly tassyklamany alýandyrys. Haçanda çaga kesellände, onuň ene-atasy onuň aladasyny edýärler. Bize Göklerdäki Atamyzyň hem edil şonuň ýaly biziň aladamyzy has ýokary derejede etjekdigi baradaky pikir bilen öz ynamymyzy birleşdirmek kynmyka? Jadygöýler diňe özlerine ynanýanlara öz täsirini ýetirip bilýändikleri dogrudyr. Edil şunuň ýaly-da, özüniň söýgülisini ýitiren adam mediumyň („ruhlar“ bilen adamlaryň arasyndaky araçysy) ýa-da jadygöýiň ýanyna baryp, özini ölen adam bilen duşurmagyny haýyş edip bilýär. Şonda medium müşderisine gözüni ýummagy hem-de şol adamyň ýüzüni anyk göz öňüne getirmegi haýyş eder. Müşderi özüniň has gowy ýatda galan suratyna-da ünsüni berip biler. Şonda medium müşderiniň pikirlerini okap başlar we sözüni biraz ulaltmak bilen, şol adam hakda edil onuň barlygy ýaly aýdar. Mundan soň müşderi mediumyň hakykatdan hem öli adamy edil diri ýaly görendigine ynanýar. Bu adamyň diridigini doly tassyklamanyň ýokdugyna üns beriň. Eger-de müşderi ynanmakdan ýa-da mediuma boýun bolmakdan ýüz dönderse, onda munda hiç hili netije bolmaz. Adatça faraona hem-de Nawuhodonosora düýşleriniň ýorgudyny aýdyp beren „jadygöýler“ nähilidir bir üstünligi gazanmadyk bolsalar, orunlaryny saklap bilmezdiler. Olaryň pikirleri sanamak tehnikasyny ulanandyklaryna şübhe ýokdur. Ýöne, eger-de Hudaý faraon hem-de Nawuhodonosor bilen bolşy ýaly, şol adamyň-da durmuşyna gatyşan bolsa, onda jadygöýler öz güýjüni we düýş ýormak ukybyny ýitirerdiler. Biraz derejede jadygöý bolan Balam bilen hem edil şeýle bolupdy. Moawitleriň patyşasy Walak Balamyň adamlara nälet okamak ukybyna ynanypdyr. Şa onuň geçmişdäki tejribesinden, nälet okaýan adamsyna hakykatdan hem nälet siňýändigini aýdyp, oňa hyzmaty üçin ummasyz pul peşgeşlerini beripdir (Sanlar 22:6). Ýöne haçanda Balam ysraýyllylar bilen ýüzbe-ýüz bolanda, özüniň adaty nälet okamak ukybyny ýitirendigine bilipdir. Bular ýaly adamlar hakyky Hudaýyň imany bilen baglanyşykly bolan adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, öň başga birlerinden üstünlige eýe bolup, meşhurlygy alan hem bolsalar, olarda güýjüň asla ýokdugy düşnüklidir. Bibliýa jadygöýlik (tebipçilik)hakdaMunuň tejribeli ähmiýeti eger-de biziň jadygöýiň (tebibiň) ýanyna gitmäge meýilli bolan ýagdaýymyzda, oňa doly derejede ynanmakdan ybaratdyr. Eger-de biz diňe saglymyzyň gowulanmagyny almaga umyt edýän bolsak, onda munuň ýaly adamlaryň ýanyna gitmegiň hiç hili zerurlygy ýokdur. Olaryň özleri hem bu pikir bilen ylalaşmaklary mümkindir. Ýöne olara hem-de olaryň ýöredýän şol güýçleriň bardygyna doly ynanmagymyz bolsa, ähli zatdan belentde bolan Hudaýa doly derejede ynanmaýandygymyzy aňladýandyr. Eger-de biz ýokarda aýdylyp geçişi ýaly, faraon, Walak we Nawuhodonosor baradaky ýazgylara ynanýan bolsak, onda biz jadygöýden kömek soramak üçin gerek bolan şol iman bilen onuň ýanyna baryp bilmeris. Aşakda jadygöýleriň Hudaýyň adamlaryna güýçsizdiklerini görkezýän mysallar getirilýär. Biz hem öz imanymyz we suwa çokundyrylmagymyz bilen Hudaýyň adamlaryna degişlidiris. Pawlus jady güýçlerine „ten işleri“ diýýär. Bu hem ýeres (ýalan taglymat), zynahorluk we murdarlyk ýaly kategoriýasyna degişlidir (Galatýalylar 5:19-21). Ol şeýle diýdi: „Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn“. Bu Pawlusyň wagyz nesihatynyň iň emosional bölegi bolupdyr. Musanyň Kanunynda hem dogany (jadylamagyň başga sözi) ulanýan ähli jadygöýleriň hem-de öz çagalaryny oduň üstünden geçiren adamlaryň derrewiň özünde ölüme beriljekdikleri hakda aýdylýar (Ikinji Kanun 18:10-11; Çykyş 22:18). Öz çagalaryny oduň üstünden geçiren adamlar hakyky jadygöýler bolmandylar. Çagalary ýamanyň güýçlerinden goramak üçin, olary oduň üstünden geçirmeli diýip aýdan hem jadygöýleriň we tanymal butparazlaryň özleridir. Şeýlelikde, biz jadygöýler bilen bilelikde, kömek sorap olara ýüz tutanlaryň hem ölüme berilmelidigini görýäris. Täze Ähte görä, Hudaýyň Patyşalygyndan çykarylyp kowulma bu işler üçin jez bolar. Hudaý biziň saglymyzyň gowulanmagy üçin jadygöýleriň hyzmatlaryndan peýdalanmagymyzy islemeýär. Mesihdäki durmuşymyzda her bir işi çözmek üçin öz-özümize çynlakaý soragy bermelidiris: „Meniň muny hakykatdan hem ýetmegimi Hudaý isleýärmikä? Eger-de Isa meniň ýanymda duran bolsa, men munuň ýaly işi edip bilermikäm?“ Hudaýyň jadygöýligi anyk ýazgarýandygyny göz öňünde tutmak bilen, men suraglaryň jogaby „ýok“ diýen söz bilen kesgitlenermikä diýýärin. Hudaý biziň jadygöýlige ýüz tutmazlygymyzy isleýändir. Şamuel jadygöligi Taňrynyň Sözüne „bitaý“ (gadymy ýewreý dilinde „küşgürijilik“ sözi) hökmünde kesgitläpdir (1 Patyşalyk 15:23). Hakykatdan hem, hemmeden belent bolan Hudaýa küşgurijilik etmek hyýala-da geljek zat däldir. Emma ysraýyllylar butlara we jadygöýlige ynanyp küşgürijilik edipdirler (Ikinji Kanun 32:16-19). Hudaý ysraýyllylara kenganlylaryň jadygöýlige bolan ynamy zerarly kowup çykarmagy buýrandygyny belleýär. Çünki Hudaý jadygöýligi ýigrenýändir. Ýöne munuň tersine, olaryň özleri muňa goşuldylar (Ikinji kanun 18:9-14). Şeýlelikde, suwa çokundyrylan imanly adamlardan düzülen täze Ysraýylyň hatyrasyna, biz bu bozuk dünýäniň daş-töwereginde bolup geçýän zatlary etmeli däldiris. Eger-de biz şeýle edäýsek, onda Patyşalykdan wada edilen ýere ebedi miras bolup bilmeris. Oňa biz eýelik etmän, eýsem jadygöýleriň eýelik etjekdikleri hakdaky pikiriň özü-de gelşiksizdir. Eger-de biz jadygöýligiň täsiriniň bize-de täsir etjekdigine umyt etsek, onda biziň hakykatdan hem mundan peýdalanýandygymyz bolar. Goý Hudaý biziň ählimizi Özüniň Patyşalygynyň nuruna, hakykatyna we şöhratyna gönükdirmekde, garaňky butparaz dünýäniň soňky ýollaryndan geçmäge ýalkasyn. „Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin heläk bolar. Ine, şu sebäpden hem ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar. Emma biz siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys... Eý doganlar, şoňa görä indi berk duruň! Bizden söz bilen ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza ýapyşyň. Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we bizi söýüp, merhemeti bilen bize baky teselli, ýagşy umyt beren Atamyz Hudaý, Siziň ýüregiňize teselli bersin, sizi her oňat işde hem dözde berkitsin“ (2 Selanikliler 2:10-17). |