|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 18: Erem bagynda nämeler bolduka?

„We ýylan aýala diýdi: Elbetde ölmersiňiz; çünki Hudaý ondan ieýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär“ (Barlyk Kitaby 3:4-5).

Bar bolan pikir: bu ýerde ýylanyň „şeýtan“ atly günä bata Perişdedigi we günäsi üçin asmandan kowlup, soňra ýere düşüp, How enäni günä etmäge meýillendiripdir diýlenler ýalan pikirdir.

Biziň takyklamalarymyz:

  1. Parçada „ýylan“ hakda aýdylýar. „Şeýtan“ we „iblis“ sözleri Barlyk Kitabynyň hemme ýerinde duş gelýän däldir.
  2. Ýylan hiç ýerde Perişde hökmünde agzalýan däldir.
  3. Şonuň üçin, Barlykda dowzahdan kowlan kimdir biri hakda aýdylmaýandygy geň däldir.
  4. Günä ölümi getirýändir (Rimliler 6:23). Perişdeler ölüp bilýän däldirler (Luka 20:35-36), şonuň üçin olar günä edip bilmezler. Imanlylaryň Perişdeler bilen deň boljakdyklary we ölmejekdikleri olara berlen sylag bolar (Luka 20:35-36). Eger-de Perişdeler günä edip bilýän bolsalar, onda imanlylar hem günä edip bilerdiler we şuňa görä-de, olar ölerdiler. Bu olaryň hakykatdan ebedi ýaşaýşyny almak üçin mümkin däldigini aňladyp bilerdi.
  5. Bu ýerde gatnaşýanlar: Hudaý, Adam Ata, How Ene we ýylan. Başga hiç kim agzalmaýar. Kimdir biriniň ýylanyň içine girip, onuň eden zadyny etdirmäge mejbur edendigine hiç hili subutnama ýokdur. Pawlus: „Emma ýylan How enäni kezzaplyk bilen aldapdyr“ diýdi (2 Korintoslylar 11:3). Hudaý ýyla diýdi: „Muny edeniň üçin...“ (Barlyk Kitaby 3:14). Eger-de „şeýtan“ ýylany ulanan bolsa, onda näme üçin bu agzalmaýar we şeýle hem oňa näme üçin jeza berilmändir?
  6. Adam Ata öz günäsi üçin How Enäni aýyplapdyr: „Aýal agaçdan maňa berdi“ (Barlyk Kitaby 3:12). How Ene ýylany aýyplady: „Ýylan meni aldady, men-de iýdim“ (Barlyk Kitaby 3:13). Ýylan bolsa, iblisi aýyplamandyr – ol özüni aklamandyr.  
  7. Eger-de ýylanlaryň häzir sesleriniň ýokdugy aýdylsa hem-de Erem bagynda ýylan hakda aýdylanlary şübhelendirilse, onda şulary ýatda saklamalydyr:
    • Eşek birwagtlar geplemäge we adamyň ýoluny bökdemäge mejbur edilipdir (Balam): „Bir dilsiz-agyzsyz eşek adam sesinde gürläp, pygamberiň dälidigini bökdedi“ (2 Petrus 2:16);
    • „Reb Hudaýyň ýasan hemme meýdan haýwanlarynyň iň hilegäri ýylandy“ (Barlyk Kitaby 3:1). Oňa bolan nälet onuň Adam Ata we How Enäniň ýanynda edip bilşi ýaly, mümkingadar ony geplemek ukybyndan mahrum edendir.
  8. Haçanda Hudaý ýylany ýaradanda (Barlyk 3:1), „şeýtan“ atly başga bir jandar onuň içine girmändir. Eger-de biz muny şübhä salýan bolsak, onda biz bir adamyň beýleki bir adamyň içine girip, ony dolandyryp bilýändigine mümkinçilik döredýändiris. Ýöne bu Bibliýa pikir bolman, eýsem butparazlygyň pikiridir. Eger-de Hudaýyň ýylany Adam Ata we How Ene babatda ýerine ýetiren şol uly günäsi zerarly ýaradandygy aýdylsa, onda günäniň dünýämize adamdan aralaşandygyny ýada salmalydyr (Rimliler 5:12). Şonuň üçin ýylan ahlaksyz bolupdyr hem-de özüniň görenleri hakda hem-de şeýle bolmak bilen, özüniň Hudaýyň öňünde borçly däldigini aýdypdyr. Şuňa görä-de, ol günä etmändir.

Käbir adamlar Barlyk Kitabynyň 3 babyny Serafima degişlidigini çaklaýarlar. Emma ol ýerde „ýylan“ diýlip terjime edilýän gadymy ýewreý sözi „Serafim“ sözüne hiç hili dahyly ýokdur. Soňky sözüň „ot“ diýen aýratyn manysy bardyr we Sanlar 21:8 „mis ýylan“ ýaly terjime edilýändir. Ýöne bu Barlyk 3 „ýylan“ ýaly terjime edilýän söz däldir. Mis günäni aňladýandyr (Kazylar 16:21; 2 Patyşalyk 3:34; 4 Patyşalyk 25:7; 2 Paralipomenon 33:11; 36:6). Şeýlelikde, „ýylan“ sözi günäniň ideýasy bilen birleşip gelip biler. Ýöne bu günäli Perişdesi bilen birleşmez.

Bu makala biziň düşündirişlerimiz:

  1. Biz Barlyk Kitabyň ilkinji baplarynda dünýäniň ýaradylyşy we adamyň günä batyşy barada şübhelenmäge hiç hili esas ýokdur öýdýäris. „Ýylan“ göni manydaky ýylan hem bolupdyr. Ilkinji ýaradylan ýylanyň günäsi zerarly (Barlyk 3:14), berlen näletiň berjaý bolmagynda, häzir öz keşbinde süýrenýän ýylanlary görýändigimiz muny tassyklaýandyr. Biz şeýle hem erkekleriň we aýallaryň şol wagtky döwürlerden bäri dowam edip gelýän näletlerden ýaňa ejir çekýändiklerini görýäris. Biz Adam Atanyň we How Enaniň doly derejede şol wagtky agzalan sözler ýaly erkek we aýal bolandygyny aýdýarys. Çünki olary häzirki zamanda ýaşaýyş şertleri has gowy bolan erkek-aýallar bilen deňeşdirýändiris.Şuňa görä-de, ilkinji bolan ýylan häzirki ýylanlara garanyňda has aňly bolsa-da, göni manydaky haýwan bolupdyr.
  2. Şu mysallar Barlyk Kitabyň ilkibaşdaky baplaryny göni manyda düşünmelidiginiň soňky tassyknamalary bolup ýardam edýär:
    • Isa Adam Atanyň we How Enäniň ýaradylşynyň beýanyna, Özüniň nika we aýrylyşma baradaky taglymatynyň esasyna ýaly garapdyr (Matta 19:5-6). Onuň muny göçme manyda kabul edendigine hiç hili yşarat hem ýokdur.
    • „Çünki öňürti Adam, onsoň Howa ýaradyldy; Aldanan hem Adam (ýylan bilen) däldi, aýal aldanyp ýazykly boldy“ (1 Timoteos 2:13-14). Pawlus hem şeýdip Barlyk Kitabyny göni manyda okapdyr. Mundan öň onuň: „ýylan How Enäni kezzaplyk bilen aldapdyr“ diýip ýazany has wajyp bolup durýandyr (2 Korintoslylar 11:3). Pawlusyň How Enäni „iblisiň“ aldandygyny agzamaýandygyna üns beriň.
    • Dünýäniň we günä batylmagyň ýaradylşynda biziň göçme manyda birzatlary düşünmelidigimiz hakda nälidir bir subutnama welin barmyka? Barlyk 1 bilen laýyklykda, dünýä alty güniň dowamynda ýaradylypdyr. Munuň her biriniň 24 sagatdan bolan göni manydaky günler bolandygy, aýry günlerde ýaradylan ähli zatlaryň häzirki görnüşinde birnäçe günden has köp bolan günleriň dowamynda biriniň beýlekisiz bolup bilmejekdigi baradaky fakt bilen tassyklanýandyr. Olaryň 1000 ýyldan we ondan köp döwürler bolmandygyny Adamyň altynjy günde ýaradylandygyny, ýöne ýedinji günden soň 930 ýaşynda ölendigi baradaky fakt aýdýandyr (Barlyk Kitaby 5:5). Eger-de ýedinji gün 1000 ýyl döwri bolan bolsa, onda Adam Ata ölende, onuň 1000 ýaşdan hem has köp bolmagy mümkindi.
  3. Ýylanyň nälenlenendigi hem-de özüniň göwresinde süýrenmeli bolmagy (Barlyk 3:14), onuň mundan öň aýaklarynyň bolandygy hakda oýlanmaga esas döredýär. Onuň ähli haýwanlardan kezzap bolandygy göz öňüne tutulsa, onda onuň „Reb Hudaýyň ýasan hemme meýdan haýwanlarynyň iň hilegär“ haýwan bolmagyna garamazdan, adama has golaý bolan durmuş şertinde ýaşandygyny çaklamak bolar (Barlyk Kitap 3:1, 14).
  4. Ýylan mümkin eýýäm akyl ýetiriş agajynyň miwesinden dadan bolara çemeli. Bu onuň kezzaplygynyň düşündirmesi bolup ýardam berip bilerdi. How Ene „agajyň iýmit üçin oňatdygyny, we gözlere ýakymlydygyny we düşünjeli etmke üçin arzuwa laýyk agaçdygyny gördi...“ (Barlyk 3:6). Eger-de ol durmuşynda miweden dadanyň netijesini görmedik bolsa, onda ol muny nädip bilerdi? Mümkin How Ene bu hakda heniz Barlyk 3 ýazylmazdan öň, ýylan bilen eýýäm birnäçe gezek gürleşendir? Ýylanyň How Enä aýdan ilkinji sözleri şeýle bolupdy: „Hudaý dogrusyny aýtdymyka?“ (Barlyk 3:1). „Dogrumyka“ diýlen söz Barlyk Kitabynda berilmeýän öňki gürrüňiniň dowamy bolandygynyň mümkindigine şaýatlyk edýär.

 
Index