|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 19: Lýusifer

„Seniň asmandan ýykylşyň welin, şapagynyň ogly daň ýyldyzy! halka söýeg bolan ýerde döwüldiň. Öz ýüregiňe bolsa: „asmana çykaryn, öz tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan hem has ýokarda goýaryn, we demirgazygyň çetinde hudaýlaryň toppagynyň dagynda oturaryn; bulutlaryň beýigine çykaryn, beýik Hudaý ýaly bolaryn“(Işaýa 14:12-14).

Bar bolan pikirler: Öz döwründe Lýusiferiň Adam Atanyň zamanynda günä eden kuwwatly Perişde bolandygy we şonuň üçin onuň ýere kowulandygy hem-de Taňrynyň adamlaryna zyýan edýändigi hakda pikir etmek adatydyr.

Biziň takyklamalarymyz:

  1. „Iblis“, „şeýtan“ we „Perişde“ ýaly sözler bu bapda gabat gelmeýär. Bu Bibliýanyň käbir neşirlerinde „Lýusifer“ sözüniň bar bolan ýeketäk ýeridir. (Rus dilindäki Bibliýada bu sözüň deregine „şapagynyň ogly daň ýyldyzy“ ýaly sözler getirilýär. Terjimeçiniň belligi).  
  2. Işaýa 14 bapda Erem bagynda bolup geçen nämedir bir zatlaryň beýan edilmesiniň bardygyna hiç hili tassyknamalar ýokdur. Eger-de munuň ýaly tassyknamalar bar bolaýsa, onda näme üçin bize ol ýerde hakykatdan hem nämeleriň bolup geçendigini aýtmazdan öň, Barlyk kitabynyň ýazylandan bäri 3000 ýylyň dowamynda bize mälim etmedilerkä?
  3. Lýusifer hakda gurçuk örten (11 aýat) we adamlaryň üstünde gülen (16 aýat) hökmünde aýdylýar. Çünki ol asmandan kuwulaly bäri, onda hiç hili güýç ýokdur (5-8 aýatlar). Şonuň üçin Lýusiferiň häzir ýerdedigi hem-de adamlary dogry ýoldan azdyrýandygy hakda pikir eder ýaly hiç hili esas ýokdur.
  4. Eger-de Lýusifer ol ýerde eýýäm bolan bolsa, onda näme üçin ony onuň „asmana çykaryn“ (13 aýat) diýen sözi üçin jezalandyrýarlar?
  5. Lýusifer gabyrda çüýreýär: „Seniň tekepbirligiň dowzaha taşlanandyr... we seni ýrtýän gurçuklardyr“ (aýat 11). Perişdeleriň ölmeýändikleri sebäpli (Luka 20:35-36), Lýusifer şuňa görä Perişde bolup bilmez; dil has adama mahsusdyr.
  6. 13 we 14 aýatlaryň „günäniň adamsy“ hakda aýdýan 2 Selanikliler 2:3-4 aýatlary bilen arabaglanyşygy bardyr. Şeýlelikde, Lýusifer Perişdä bolman, eýsem adama adama has degişlidir.

Bu makala düşündirişler:

  1. Bibliýanyň Täze Halkara Neşiri we şeýle hem onuň beýleki häzirki zaman neşirleri Işaýa 13-23 baplarynyň tekstklerini dürli halklaryň (mysal üçin, Wawilonda, Tirde, Müsürde mesgen tutan) üstüne ýüklenýän „agyrlyk“ seriýasy hökmünde beýan edýär. Işaýa 14:4 biziň seredip geçýän aýatlarymyzyň kontekstini şeýle kesgitleýär: „Sen Wawilon patyşasyna ýeňiz aýdymyny aýdarsyň...“ Şonuň üçin pygamberlikler „Lýusifer“ ýaly beýan edilýän Wawilonyň ynsan patyşasyna degişli bolupdyr. Onuň agdarylmasyndan soňra „seni görýän... sen hakda oýlanýar: bu ýeri yran şol adammyka“... (16 aýat). Şeýlelikde, Lýusifer adam ýaly anyk bellenýändir.  
  2. Lýusifer patyşa-adam bolandygy üçin, „ýeriň ähli serdarlary... saňa şeýle diýerler: we sen hem edil biziň ýaly güýçsiz bolduň! we sen hem bize meňzeş bolduň!“ (9-10 aýatlar). Bu ýerden Lýusiferiň hem edil beýleki bir patyşalaryň biri ýaly bolandygy belli bolýar.
  3. 20 aýat Lýusiferiň nesliniň ýok ediljekdigini aýdýar. 22 aýatda bolsa, Wawilonyň nesliniň derbi-dagyn ediljekdigi hakda aýdylýar. Şeýdip, Lýusiferiň nesli we wawilonyň nesli biri birine deň bolýandyr.
  4. „Wawilon patyşasyna ýeňiş aýdymyň“ bardygy baradaky bu tymsaly unutmaň (4 aýat). „Lýusifer“ sözi „daň ýyldyzyny“ aňladýandyr, ýagny beýleki ýyldyzlaryň içinden iň parlak ýyldyzydyr. Tymsalda bu ýyldyz buýsanç bilen: „„asmana çykaryn, öz tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan hem has ýokarda goýaryn“ dişip çözýändir (13 aýat). Özüniň tekepbirligi zerarly bu ýyldyz ýere kowlandyr. Bu Wawilon patyşasynyň tymsaly bolupdyr. Daniýeliň 4 baby wawilon patyşasy Nawuhodonosor özüniň guran beýik patyşalygyny buýsanç bilen görkezendigini beýan edýändir. Munda ol hut özüniň güýji bilen beýleki halklary güýç bilen basyp alyp, boýun egdirendigi barada oýlanypdyr. Ol özüniň üstünliklerine Hudaýyň hut Özüniň ýardam berendigini hasap etmändir. „Seniň beýikligiň (tekepbirlik) barha ösdi we göklere deňeç baryp ýetdi“ (19 aýat). Munuň üçin „ony adamlardan aýyrdylar, öküz ýaly ot iýdi, we onuň bedeni asman çygy bilen suwaryldy, şeýdip onuň saçlary ýolbarsyňky we dyrnaklary bolsa, edil guşuňky ýaly ösdi“ (30 aýat). Dünýäde iň kuwwatly adamlaryň biriniň normal bolmadyk lunatigiň ýagdaýyna çenli şeýle duýdansyz ýykylmagy şeýle bir darmatiki waka boldy. Bu asmandan ýere gaçýan daň ýyldyzy baradaky tymsalyň döremegine sebäp boldy. Ýyldyzlar güýçli adamalyň simwolikasydyr. Mysal üçin bu barada Barlyk 37:9; Işaýa 13:10 (Wawilonyň hökümdarlary babatda), Daniýel 8:10 (24 aýat bilen seňeşdiriň). Asmana çykmak we asmandan aşak inmek ösen tekepbirlik we ýykylmak üçin köplenç ulanylýan bibliýa metaforasy bolup ýardam berýändir. Muňa laýyk ser. Eýup 20:6, Ýeremiýe 51:53 (Wawilon hakda), Ýeremiýanyň Agysy 2:1; Matta 11:23 (Kapernaum hakda): „We sen hem Kapernaum, asmana galarsyň, dowazha çenli hem (gabyra) ýykylarsyň“.  
  5. !7 aýat Lýusiferiň „älemi çöllüge öwürendiginde we onuň şäherlerini weýran edendiginde, ýesirlerini öýlerine goýbermändiginde“ aýyplaýandyr. Bularyň bary wawilonyň harby syýasaty baradadyr – birtopar geografiki raýonlary doly derejede weýran etmek (edil Ýerusalimi edişleri ýaly), ýesirleri başga ýurtlara sürüp äkitmek we olaryň watanyna gaýdyp gelmegini gadagan etmek (bu ýereýler bilen bolşy ýaly), täze şäherleri gurmak we ezýän halklaryna altyn salgydy salmak ýaly wakalar degişlidir. Bu ýerde Lýusiferiň ähli eden işleri üçin, hatda beýleki hökümdarlary uly hormat dabary bilen jaýlaýyşlary ýaly jaýlanmagyna hem mynasyp bolmadyk pursady hem aýdylýandyr (18-19 aýatlar). Munuň bilen, onuň baryýogy diňe patyşa-adam bolandygy we beýleki ölen adamlar ýaly, onuň jesediniň jaýlanmaga mätäç bolandygy baradaky pikir nygtalýar.
  6. 12 aýat Lýusiferiň „asmandan ýykylmagy“ onuň agaç bolandygyny hasapa etmäge esas berýändigini aýdýandyr. Bu ýerde Daniýel 4:8-16 bilen soňky baglanyşyk görkezilýändir. Munda Nawuhodonosryň we Wawilonyň kesilen agaç kimin deňeşdirilýändir.
  7. Wawilon we Assiriýa köplenç pygamberlerde biri birine meňzeş bolup gelýär. Mysal üçin, 25 aýat Assiriýanyň patyşasynyň synmagy barada şeýle diýýär: „Men kesgitledim Assurany weýran etmek üçin bu şeýle bolar...“. Wawilonyň synmagy baradaky pygamberlik (Işaýa 47) Assiriýanyň weýran edilmegi baradaky pygamberlik bilen utgaşýandyr (Naum 3:4, 5, 18; Sofonýa 2:13, 15). 2 Paralipomenon 33:11 „Assiriýa patyşasynyň harby başlyklarynyň Manassiýany gandallandyklaryny we ony zynjyrlap, Wawilona äkidendiklerini“ aýdýar. Munuň bilen, represiw çäreleri geçirmekde bimeňzeşlik görkezilýändir.

Amos 5:27 ysraýyllylaryň „Damaskyň aňyrsyna“, ýagny Assiriýa göçürilendikler aýdylýar. Stefan bolsa, muny „Wawilondan daşa“ diýip aýdýar (Resullaryň Işleri 7:43). Ezdra 6:1 ybadathananyň gurluşygynyň gutarylmagy babatda Wawilonyň patyşasy Dariýanyň hereketlerini beýan edýär. Ýewreýler Hudaýyň „Assiriýa patyşasynyň ýüregini özlerine öwürendigi“ üçin Oňa minnetdarlyk bildiripdirler (Ezdra 6:22). Bu ýerde ýene-de wakalaryň yzygiderliligi yzarlanýar. Işaýa 14 bapdaky pygamberlik we şeýle hem Işaýanyň beýleki welilikleri Ýezekiýanyň zamanynda Sennahirimiň goşunynyň baştutanlygy bilen assiriýleriň çozup girmekleri baradaky kontekst bilen doly derejede gabat gelýär. 25 aýat bolsa, assiriýleriň synmagyny beýan edýär. Eger-de 13 aýatda assiriýleriň Ýerusalimi Hudaýa dil ýetirme arkaly saklaýyşlary hakda, assiriýleriň şähere girmäge we öz hudaýlary üçin ybadathanany basyp almak baradaky synanyşyklary hakda aýdylýan bolsady, onda muňa düşünmek ýeňil bolardy. Mundan öň assiriýa şasy Feglafellasar hem edil şunuň ýaly etmegi isläpdir (2 Paralipomenon 28:20-21). Işaýa 14:13 aýatlarynda bu hakda şeýle aýdylypdyr: „Öz ýüregine bolsa, şeýle diýipdi: „asmana çykaryn (ybadathananyň we äht sandygyň nyşany – 3 Patyşalyk 8:30; 2 Paralipomenon 30:27; Zebur 19:3, 7; 10:4; Ýewreýler 7:26) we Siýon dagynda hudaýlar toppagynda oturaryn (Siýon dagynda ybadathana bolupdyr) demirgazygyň çetinde“ (Ýerusalimda – Zebur 47:1-2).


 
Index