|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekelşme 20: Isanyň synalmagy

Matta 4:1-11: „Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin çöle äkitdi. Isa kyrk gije-gündizläp, oraza tutansoň ajykdy. Synagçy ýanyna gelip Oňa diýdi: „Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur“. Emma Isa jogap berip diýdi: „Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr“. Onsoň, iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa diýdi: „Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer; olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler“. Isa oňa diýdi: „Öz Hudaýyň Rebbi synama“ diýip-de ýazylgydyr“. Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip, Oňa diýdi: „Dyza çöküp, maňa sejde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin“. Şonda Isa diýdi: „Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sejde et, diňe Oňa gulluk et“ diýip ýazylgydyr“. Onsoň, iblis Ony terk edip gitdi. Ine, perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler“.

Bar bolan pikirler:

Bu parça „iblis“ diýilýan jandaryň Isa kesgitli işleri ýerine ýetirmäge hödürläp we Ony meýillendiriji ýagdaýa girizip, Ony günä etme höweslerine sezewar edipdir.

Biziň takyklamalarymyz:

  1. Isa „günäden başga ähli zatda biziň ýaly synalandyr“(Ýewreýler 4:15) hem-de „her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr“(Ýakup 1:14). Biz öz höweslerimiz ýa-da günäli isleglerimiz bilen edil Isa ýaly, „iblis“ tarapyndan aldanýandyrys. Ýöne biz duýdansyz biziň gapdalymyzda durup, bizi günä etmäge itergi berýän iblisden aldanýan däldiris – günä we aldanma „adamyň ýüreginiň teýinden“ çykýandyr (Markus 7:21).
  2. Aldanmany göni manyda kabul etmeli däldigi aýdyňdyr:
  • Matta 4:8 Isanyň dünýäniň ähli patyşalyklaryny we olaryň şöhratyny görmegi üçin, örän beýik dagyň depesine çykarlandygyny aýdýar. Emma bütin dünýäni görüp bolaýjak beýik dag ýokdur. Onsoňam, Isa biziň ýerimiziň togalak şardygyny bilip, iň beýik dagdan bütin dünýäni görüp bilermidi? Dünýäniň ähli bölegini bir wagtda görüp biler ýaly ýer ýüzünde munuň ýaly ýer ýokdur.
  • Matta 4 we Luka 4 baplarynyň deňeşdirilmesi aldanmagyň dürli yzygiderliligi bilen beýan edilendigini görkezýär. Soňra, Markus 1:13 Isanyň „ şeýtanyň synamagy bilen çölde kyrk gün“ bolandygyny aýdýar. Matta 4:2-3 bolsa, şol wagt „kyrk gije-gündizläp, oraza tutansoň ajygandygyny. Synagçynyň ýanyna gelendigi...“ aýdylýar. Mukaddes Ýazgynyň öz-özüne garşy gelip bilmeýändigi zerarly, biz bu synaglaryň telim gezek gaýtalanandygyna netije çykaryp bileris. Muňa daşlary çörege öwürmek synagy aýdyň mysal bolup biler. Synaglaryň Isanyň aňynda bolup geçendikleri hem mümkindir. Onuň biziňki ýaly tebigatda bolandygy üçin, uzak wagtlap azygyň bolmazlygy Oňa akyl we fiziki taýdan täsiri edip bilerdi we şeýlelikde hem, Ol bu zatlary oý-pikirde kynçylyksyz göz öňüne-de getirip bilerdi. Haçanda adam azyksyz galsa, bu ony samyrdama ýagdaýyna-da getirip bilýändir (1 Царств 30:12 bilen deňeşdiriň). Çörek bulkalary we daşlaryň arasyndaky meňzeşligi Isa Matta 7:9 agzaýar. Ol hemişe görnüşleri Mukaddes Ýazgynyň sözleri arkaly tiz aýyrsa-da, bularyň onuň ýadaw kellesine tizden-tiz gelmeklerine şübhe ýokdur.
  • Mümkin, Isa Hoş Habarynyň ýazyjylaryna Özüniň synaglary hakda gürrüň berendir. Özüniň başdan geçirenlerini haz çuňlaý edip aýtmak üçin, Ol biziň Matta 4 we Luka 4 görýän metaforiki usulyndan peýdalanandyr.
  • Iblisiň Isany çöllügiň üstünden we Ýerusalimiň köçelerinden geçirendigi we soňra bolsa, olaryň bilelikde ybadathananyň küňresinde durandyklary we bularyň barynyň ýewreýleriň gözleriniň alnynda bolup geçendigi adatdan daşary ýaly bolup görünýär. Ýusup uly galagoplugy döretmejek bolup, mümkin, özüniň sergezdançylyklary hakda munuň ýaly edip hiç zat aýtmandy. Eger-de Isanyň synalmalary 40 sutkanyň we şeýle hem, bu wagtyň soňunda (beýan edilýän wakalaryň yzygiderliklerinde gabat gelmezlikleri göz öňüne tutulsa, bu ahyrsoňy iki gezek ýaly boldy) dowamynda birnäçe gezek bolup geçen bolsa, onda Isanyň bu zatlaryň baryny ýerine ýetirmäge nädip wagt tapandygy düşnüksizdir: golaýdaky beýik daga gitmegi (bu Ysraýylyň demirgazygyndaky Germon dagy bolmagy mümkin), onuň depesine çykmagy, ýene-de aşak düşmegi, çöle gaýdyp gelmegi we soňra bolsa, bu zatlaryň ählisini ýene-de bir gezek gaýtalamagy? Onuň ähli synalmalary çölde bolup geçipdir. Ol ol ýerde kyrk güniň dowamynda bolup, ähli wagt iblisiň synamagyna sezewar bolupdyr (ol diňe iň soňunda ýok bolupdyr – Matta 4:11). Eger-de Isany iblis her gün synaga salan bolsa we bular çölde bolup geçen bolsa, onda mundan Isanyň Ýerusalima gelmegi ýa-da beýik daga gitmegi üçin, çöli terk etmändigini aýtmak bolar. Şuňa görä-de, bularyň bary gönimel manyda bolup biljek däldi.
  • Eger-de iblis Taňrynyň Sözüne hormat goýmaýan fiziki şahsyýet hem-de adamlar günä edip bilerler ýaly, diňe olary azdyrmaga meýilli bolýan bolsa, onda näme üçin Isa ondan üstin çykmak üçin şonda oňa Mukaddes Ýazgylardan sözleri sitata getirdikä? Halkyň ynamyna görä, bu iblisi kowup biljek däldi. Isanyň her gezek Bibliýany sitata getirendigine üns beriň. Eger-de günäli pikirler Isanyň ýüreginde iblis bolan bolsa, onda Özüne Taňrynyň Sözüni ýatlatmak bilen, bu ýaramaz isleglerden üstin çykyp biljekdigi düşnüklidir. Zebur 119:11 bu ýere örän gabat gelýär. Mümkin bu aýat Isanyň çöldäki hasratlaryny ýörüte öňden aýdýandyr: „Saňa garşy günä etmäýin diýip, sözüňi ýüregimde ýygşyrdym“.  

Bu makala düşündirmeler:

  1. Ýahýanyň Isany Ýordanda suwa çokundyrandan soňra, Ol Taňrynyň Ruhy güýjüni peşgeş aldy (Matta 3:16). Isa suwadan çykan badyna, Ol Ruh tarapyndan çöle synalmak üçin äkidildi. Özüniň daşlary çörege öwürmek, jaýyň depesinden zeper ýetmän bökmeklik we ş.m. ýaly ukyplaryny bilmek bilen, bu synaglaryň mümkin Onuň oý-hyýallarynda bolmagy mümkindir. Eger-de adam bu zatlaryň baryny hödürlän bolsa, onda bu adamyň günälidigini bilerdi. Şonda Onuň aňyndan çykan şol synaglar bilen deňeşdirilende, Oňa bu synaglarda geçmek ýeňil düşerdi.
  2. Eger-de patyşalygy Özüne almak synagy Isanyň özünde çykan bolsady, onda bu has güýçli bolardy. Onuň pikirleri Mukaddes Ýazgydan dos-doludy. Açlyk sebäpli, aňyň munuň ýaly durnuksyzlyk ýagdaýynda Özüniň bolan bu ýagdaýyndan has aňsat çykmakgaky saýlawda aklanmak üçin, Bibliýanyň parçalaryny nädogry düşündirmek aňsat bolardy.
  3. Haçanda Ýezekil beýik dagyň depesinde duran wagty, ol ýerden ol Patyşalygyň nähili boljakdygyny görüpdir (Ýezekil 40:2), we Ýahýa hem: bir uly belent dagdan mukaddes Ýerusalimi“ gördi (Ylham 21:10), Isa patyşalyklaryň geljekde nähili boljakdygyny bolşy ýaly gördi (Luka 4:5), ýagny „dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy“ (Ylham 11:15). Onuň şol wagt Musa, onuň çöldäki kyrk ýyl sergezdançylygy, onuň wada berlen ýurda (patyşalyga) Newo dagyndan seredenligi barada oýlanan bolmagy mümkindir. Daniýel „ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň hökümdarlyk edýändigini we oňa kimi islese, şony goýandygyny“ nygtady (Daniýel 4:17, 25, 32; 5:21). Isa başga hiç kimiň bolman, eýsem diňe Hudaýyň Özüne Patyşalygy berip biljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin eger-de Oňa Patyşalygy günäli bir jandar wada beren bolsa, onda Onuň üçin bu gaýdyp synag bolmazdy. Çünki Ol diňe Hudaýyň güýje eýedigini bilipdir. Şol bir wagtyň özünde bolsa, Isa Hudaýyň Patyşalygy Oňa bermäge ýagşy isleginiň bardygy hakda bilipdir. Patyşalygy edil şol wagt almaklygy Isanyň içinde bar bolan „iblisiň“ teklip edendigi baradaky mümkinçilik hem daşda däldir. Ahyrsoňunda ähli häkimlik Oňa diňe ölümden we direlişden soňra berilse-de (Matta 28:18), Ol Özüniň geljegi hakda karar çykarmaga Hudaýyň beren güýji (Ýahýa 5:26-27) hakda, Özüniň janyny bermek we ony ýene-de kabul etmek Onuň güýjünde bolandygy hakda (Ýahýa 10:18) oýlanyp-da bilerdi.
  4. Mukaddes ýazgyny gowy bilmek bilen, Mesih Özüniň we çölde kyrk günläp bolmagynyň soňunda, etiki garaýyşlarynyň synagy saklap bilmedik Ylýasyň (3 Patyşalyk 19:8) hem-de çölde kyrk ýyl bolmagynyň soňunda, özüniň miras almaly ýerinden mahrum bolan Musanyň arasyndaky meňzeşlikleri görüp bilipdir. Isa Özüiniň çöldäki kyrk günlik sergezdançylygynyň ahyrynda şowsuzlyga uçramaklygyň real mümkinçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, munuň ýaly ýagdaýda bolupdy. Musa we Ylýas „iblis“ atly subýekt zerarly bolman, eýsem özleriniň ynsan gowşaklyklary zerarly ejir çekipdirler. Bu Isany synaga salan şeýtan ýa-da iblis diýilýän şol bir ynsan gowşaklygy bolupdy.
  5. „Iblis Oňa: „Sen Hudaýyň Ogly bolsaň...“ (Luka 4:3). Çünki ähli beýleki adamlaryň Ony Ýusubyň ogly (Luka 3:23; Ýahýa 6:42) ýa-da nikasyz doglan (Ýahýa 9:29 şeýle çaklaýar) hasaplamaklary zerarly, Özüniň hakykatdan hem Hudaýyň Ogludygyna göz ýetirmek üçin, Mesihiň sorag bermeleri Onuň aňyndaky hemişelik synagyň bolup bilmegi ähtimaldyr. Ybadathananyň resmi kagyzlarynda Ol Ýusubyň ogly hökmünde bolupdyr (Matta 1:1, 16; Luka 3:23). „Çak edişlerine görä“ sözler (Luka 3:23) „kanuna görä hasaplanyldy“ diýmekligi aňladýandyr. Ol ýer ýüzünde ynsan atasy bolmadyk ýeketäk adamdyr. Filipililer 2:8 Isa Özüni dogrudanam biziň ýaly adamdygyny we Özi hakda edil Hudaýyň Ogly ýaly pikir etmegiň ýa-da Öz şahsy tebigatyňa düşünmezligiň ýöne synagdygyny oýlamaga başlandygy hakdaky çaklama aýdylýar.
  6. Synaglar Mesihi ruhy taýdan ösdürmek maksady bilen, Hudaý tarapyndan gözegçilikde bolupdyr. Isanyň Öz günäli isleglerinden („iblisden“) Özüni berkitmek üçin sitata edýän parçalarynyň bary ysraýyllylaryň çölde bolandyklaryny aýdýan şol Ikinji Kanun kitabyndan getirilendir. Isa Özüniň we olaryň arasyndaky meňzeşligi aýdyň görüpdir:

Ikinji Kanun, 8-nji bap

Matta 4/Luka 4

aýat 2:

„Seniň Rebbiň, Hudaýyň seniň seni boýun etmek üçin, seni synamak üçin we seniň ýüregiňdäkini bilmek üçin, Özüniň wesýetlerini saklap ýa-da saklap bilmejekdigiňi bilmek üçin ynha indi seni çölde kyrk ýyllap saklap dur“.

„Ruh Isany çöle äkitdi“ we ol ýerde "kyrk gije-gündizläp“ boldy. Isa synaga duçar edilipdir. Ol Özüniň ýüreginde bolan Mukaddes Ýazgyny sitata getirmek arkaly olardan üstin çykypdyr (Zebur 119:11).

aýat 3:

„Ol seni boýun egdirýärdi, açlyk çekdirýärdi, we manna bilen naharlapdy... adam diňe çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen ýaşaýandygyny görkezmek üçin“.

„Ahyrsoňy (Isa) ajykdy“. Ýahýa 6 bapda Isa manna Özüniň çölde ýaşan Taňrynyň Sözi diýýär. Isa Özüniň ruhy taýdan Taňrynyň Sözi bilen ýaşandygyny bildi. Ol şeýle jogap berdi: Он ответил: „Adam diňe çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen ýaşaýandyr“.

aýat 5:

„Seniň Hudaýyň Rebbiň ynsanyň öz ogluna öwredişi ýaly, saňa-da öwredýändigini ýürekden bilgin“.

Isa Özüniň başyndan geçirenlerine şübhelenen bolmagy-da ähtimaldyr. Hudaý Öz Ogly Isa jeza berdi (2 Patyşalyk 7:14; Zebur 89:32).

Isa şeýdip Sözi nähili okamalydygyny we düşünmelidigini bize görkezdi. Ol Özüni ysraýyllylaryň çölde bolan wagtyndaky ýagdaýda goýdy. Şonuň üçin hem Ol olaryň ol ýerdäki sergezdançylyk tejribesinden bilenlerini Özüniň çöldäki synaglarynda berjaý etdi.


 
Index