|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

Çekeleşme 21: Asmandaky uruş

Ylham 12:7-9: „Gökde uruş turdy: Mikaýyl we onuň Perişdeleri ajdarha bilen uruşdylar. Ajdarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berd. Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden berdiler. Iblis ýa şeýtan diýlip atlandyrylan uly ajdarha, bütin dünýäni azdyran köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy“.

Bar bolan pikirler:

Bu asmanda Perişdeleriň arasynda gozgalaň hakdaky pikiri döretmek üçin ulanylýan iň belli parçalardan biridir. Munuň netijesinde iblis we onuň perişdeleri ýere kowulanmyş we ol ýerde ýylan keşbine girip, ýerde betbagtçylyklary we günäni döretmäge başlanmyşlar.

Biziň takyklamalarymyz:

  1. Biziň bu bapda öwrenlerimiziň bary bu parçany ara alyp maslahatlaşmak üçin ulanylmalydyr. Biz Perişdeleriň günä edip bilmeýändiklerini hem-de asmanda gozgalaňyň hem bolmaýandygyny aýdypdyk. Şeýlelikde, bu parça, bu bolsa, günäli perişdeleriň bardygy ýa-da olaryň adamlara günä etmäge mejbur etdirýändikleri baradaky pikirleriň bolmazlygy üçin has gowy derejede düşünmelidir. Çünki biziň bilşimiz ýaly, günä daşymyzdan gelmän, eýsem ýz içimizden çykýandyr (Markus 7:20-23).
  2. Eger-de ýylanyň asmandan kowulşy hakda aýtsak, onda onuň ol ýerde kowuzlmazdan hem öň bolandygyna pikir döreýär. Ýöne hakyky ýylany Hudaý Erem bagynda ýeriň gumundan ýaradypdy (Barlyk 1:24-25). Iblisiň asmandan inip, ýylanyň içine girendigi barada oýlanmaga esas ýokdur.  
  3. Bu ýerde Perişdeleriň günä edendikleri ýa-da Hudaýyň garşysyna gozgalaň turuzandyklary hakda hiç hili agzalmaýandygyna üns beriň. Bu ýerde gürrüň diňe asmandaky uruş hakda gidýär.
  4. 7-9 aýatlarda beýan edilen dramatiki wadalardan soňra 10 aýatda şeýle aýdylýar: „Onsoň men gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: „Hudaýymyzyň gutaryşy, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy“. Eger-de 7-8 aýatlarda aýdylan zatlaryň ählisi dünýäniň ýaradylşynyň başynda, Adam Ata we How Eneden hem öň bolup geçen bolsa, onda şeýtanyň aşak zyňylandan soňra, gutulşyň we Hudaýyň Patyşalygynyň başlandygyny nädip aýdyp bolar? Adam Atanyň eden günäsinden soňra adamzadyň başyna gulçulygyň, günäniň we şowsuzlyklaryň taryhy indi. Bu ýagdaýa „gutulyş“ ýa-da Hudaýyň Patyşalygy diýip aýdar ýaly däl. Iblisiň ýere zyňylandygy sebäpli, göklere şady-horramlygyň bolandygy aýdylýar. Eger-de onuň ýere gelşi adam üçin günäniň we betbagtçlyklaryň başlangyjy bolsa, onda näme üçin şady-horramlyk bolmalymyka? Eger-de asmandan ýere ýykylşa häkimiýete howp salýan ýaly gönümel däl-de, obraz ýaly düşünilse (Işaýa 14:12; Ýeremiýe 51:53; Ýeremiýanyň Agysy 2:1; Matta 11:23 ýaly), onda munuň ähmiýeti uly bolar. Eger-de bularyň bary Adam Ata dogulmazdan öň ýa-da juda onuň günä uçramagyndan öň bolan bolsa, onda „biziň doganlarymyz“ hatda bolmasalar-da, iblis nädip olary yzarlap bildikä?
  5. Bularyň barynyň Erem bagynda bolup geçendigine hiç hili görkezme ýokdur. Ylham 1:1 we 4:1 aýatlarda Ylhamyň „basym nämeleriň bolmalydygy“ baradaky pygamberlikdigine wajyp bellik edildi. Şonuň üçin bu Erem bagyndaky bolup geçenleriň beýannamasy däl-de, eýsem haçanda Ylham Isa berlende, birinji asyrdan soňraky döwürde nämeleriň boljakdygy hakdaky welilikdir. Taňrynyň Sözüne hakyky hormat bilen garaýanlar Ylham 12 aýaty Erem bagy bilen deňeşdirilýän ähli synanyşyklary ret edýändiginiň eýýäm biridigini görer. Iblisiň meňzeşliginiň hem-de Erem bagynda bolup geçen zatlaryň heniz Bibliýa açylmazdan öň, näme üçin onuň ahyrynda berlendigi hakdaky soraga hem jogap berilmelidir.
  6. „Köne ýylan bolan beýik ajdarha bardy“ (Ylham 12:9). Ajdarha „ýedi başly we on şahly bolupdyr“(aýat 3), şonuň üçin gönümel manyda bu ýylan bolmandy. Onuň „köne ýylan“ diýilmegi hem onuň häsiýetnamasynyň Erem bagyndaky ýylanyň aldawçylyk häsiýetnamasy bilen meňzeşligi bolandygy üçindir. Edil şonuň ýaly-da, „Ölümiň tikeni günädir“ (1 Korintoslylar 15:56) diýilmegi ölümiň gönümel manyda ýylandygyny aňladýan däldir. Elbetde, özüniň günä bilen baglanyşygy arkaly ölümiň ýylan bilen umumy häsiýetnamasy bardyr.
  7. Haçanda iblis ýere agdarylanda, ol „ wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazabyna mündi“ (aýat 12). Eger-de iblis Erem bagynda agdarylan bolsa-dy, onda özüniň uzak durmuşynyň bütin dowamynda adamlary kösemäge onuň mümkinçiligi bolardy we ýer ýüzünde betbagtçylyklary döreder ýaly, onuň näbileýin „wagty az“ bolsa.
  8. Eger-de Adam Atadan öň dünýäde hiç kim ýok bolsa, onda şeýtan nädip özüniň asmandan kowulmazyndan öň „bütin dünýäni“ (aýat 9) azdyryp bildikä?
  9. 4 aýatda şeýle aýdylan: „Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini (ajdarhanyň) guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy“. Eger-de bu sözlere çynlakaý çemeleşilip, ähliumumy pikire görä, Ylham 9 ähli ýazylanlara gönümel manyda kabul edilmeli bolsa, onda ajdarhanyň hakyky ölçegini göz öňüne-de getirer ýaly däldir – bütin dünýäniň (ýa-da iň bolmanda gün sistemasynyň) üçden bir bölegi onuň guýrugynda ýerleşip bilmelidi. Özünde munuň ýaly äpet ýapbaşyk jandary ýerleşdirer ýaly, Ýer planetasyndan ýer tapylmazdy. Gün sistemasynyň ýyldyzlarynyň aglaba bölegi öz ölçegleri boýunça biziň Ýerimizden uludyr. Bularyň üçden bir bölegi onda nädip ýere düşüp bildikä? Haçanda bu wada berlende, bularyň barynyň bolandygyna ýa-da biziň eramyzyň birinji asyryndan soň boljakdygyna welin diňe oýlanyp görüň.
  10. Bularyň baryny hem-de Ylham 12 bapda (we ähli weliliklerdäki) aýdylan beýleki köp zatlary göz öňüne tutmak bilen, beýan edilen wakalaryň sözüň gönümel manysynda ýerine ýetirilip bolunmajagy aýdyň bolýandyr. Şonuň üçin, Ylhamyň iň başynda ýazga bellenilişi ýaly, ýagny onuň belgileriň ýa-da nyşanlaryň dilinde beýan edilşi ýaly düşünmelidigi hakda aýdylýandygy geň däldir (Ylham 1:1). 12 bapda aýdylanalryň üstüni ýetirmek bilen, 12:1 aýaty soňky wakalary „beýik alamat“ ýaly beýan edýändir.
  11. Iblisiň ýerdäki hereketleriniň beýan edilmesinde onuň adamlary günä etmäge öjükdirendigine hiç hili görkezme ýokdur. 12-16 aýatlarda ibslisiň ýere düşen badyna, onuň ýaramaz işleri geçirmäge eden synanyşyklarynda şowsuzlyga uçrandygy aýdylýar.
  12. Parçanyň mazmunyna düşünmekde iň wajyp soraglaryň biri asmandaky urşuň hakykylygy hem-de bu ýerde „asman“ sözüniň göçme manyda ulanylýandygy baradaky soragdyr. Mundan öň biz „asman“ sözüniň obraz boýunça, häkimiýetiň ýerleşýän ýerine degişli bolup bilýändigini düşündiripdik. Ylham – bu simwoliki kitapdyr. Şonuň üçin, biz bu soraga şonuň ýaly hem garamalydygyny hasaplaýarys.

Aýal „güne geýnen; aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç“ (aýat 1) hökmünde beýan edilýär. Ähli bu asman jisimleri we mümkin, asmana galan aýal hem gönümel manyda bolup bilmez. Dogrudanam, aýal güne geýnip ýa-da her haýsy Ýeriň ölçegine barabar bolan ýyldyzlary öz kellesinde göterip bilmez.

Asmanda başga bir nyşan peýda bolýar – gyzyl ajdarha (aýat 3). Adatça asman bu ýerde hakyky ýaly düşünilýär. Ýöne eger-de bu hakda öň aýdyp geçen (aýat 1) şol bir asman özüniň göz-görteliligi bilen obraz ýaly düşünilýän bolsa, onda näme üçin bu beýle bolmalyka? 4 aýatda ajdarhanyň „gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňandygy“ hakda aýdylýar. Ýyldyzlaryň we Ýeriň hakyky ölçegleri zerarly munuň hakyky ýyldyzlaryna we asmana degişli bolup bilmejekdigini biz eýýäm aýdyp geçipdik. Hudaýyň Patyşalygy ýere bina edilmelidir (Daniýel 2:44, Matta 5:5). Eger-de äpet ýyldyzlar ýere gaçyp, ýeri weýran etseler, Hudaýyň Patyşalygynyň ýerde berkarar edilmegi mümkin bolmazdy.

„Asmandaky' aýal çaga dogurdy. „Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Onuň tagtyna eltdiler“ (aýat 5). Hudaýyň tagty asmanda ýerleşýändir. Eger-de aýal eýýäm asmanda bolan bolsa, onda näme üçin onuň çagasy asmana „alynmalydyr“? Aýal göçme manyda „asmanda“ bolan hem bolsa, onuň ýerde nämedir bir zadyň nyşany bolandygy ähtimaldyr. Soňra aýal „çöle gaçyp gitdi“ (aýat 6). Eger-de ol obrazlaýyn asmanda bolan bolsa, onda çöl hem asmanda ýerleşmelidir. Aýalyň asmanda nähilidir bir simwoliki ýerde bolandygyny, soňra bolsa, onuň ýere, bir çöle düşendigini gönümel ýa-da simwoliki manyda göz öňüne getirmek has maksada laýyk bolardy.

Indi biz 7 aýata geçýäris: „Gökde uruş turdy“. Ylham 12 asmana bolan ähli beýleki salgylanmalaryň simwoliki manysy bolandygy üçin, uruş hem obrazlaýyn asmanda bolandyr. Bu hakykatdan hem şeýle bolmalydy. Sebäbi hakyky asmanda gozgalaň ýa-da günä bolup bilýän däldir (Matta 6:10; Zebur 5:4-5; Awakum 1:13).

Bu seterleriň ýazyjysy käte iblis baradaky ortodoksal ideýasyna ynanýanlara şeýle soragy berýär: „Siz Bibliýa parçalaryna Öz düşünişiňize görä, iblis hakda gysgaça maglumaty maňa getirip bilersiňizmi?“. Jogaplar düýbünden dürli görnüşdedir. Ortodoksal taglymatyna laýykda, jogap şeýleräk bolmalydyr:

  • Iblis Asman Perişde bolupdyr. Ol Erem bagyna kowlupdyr. Barlyk 1 bapda ol ýere kowlupdyr.
  • Barlyk 6 bapda ol ýere düşüp, öýlenen çemeli.
  • Aýtmaklaryna görä, Eýubyň döwründe ol hem Gökde hem-de ýerde-de bolup bilipdir.  
  • Işaýa 14 ýazylynça, ol eýýäm Asmandan ýere kowlupdyr.
  • Zekerýa 3 bapda ol ýene-de Asmanda bolupdyr.
  • Matta 4 bapda ol ýene-de ýerde. Şol wagt „aşak inderilen“ „bu dünýäniň hökümdary“ baradaky giňden ýaýran pikire görä, ol Isanyň ölümi wagty „aşak inderilipdir“. 
  • Ylham 12 bapda iblisiň aşak kowulşy hakda pygamberlik bardyr.

Ýokardaky aýdylanlardan, adamlaryň göz öňüne getirmeklerine görä, onuň her gezekki aşak kowulma wakalaryndan soň, onuň şonda-da Asmandadygy hakda aýdylanlary göz öňüne tutmak bilen, iblisiň Asmandan günäsi üçin kowulmasy hakykata gabat gelmeýändiginiň netijesini çykarmak bolar. „Gökleriň“ hem edil iblisiň beýan edilmesi ýaly, metafora manyda beýan edilýändigine düşünmeklik wajypdyr.

Bu makala düşündirişler:

  1. Bu babyň jikme-jik beýanyny bermäge synanyşyklar hakyky bellikleriň göwrüminiň çäginden hem daşa çykýandyr. Bu aýatlaryň doly düşündirmeleri Ylham kitabynyň ähli ýerine düşünmekligi talap edýändir.
  2. Simwoliki asmandaky, ýagny häkimiýetiň ýerleşen ýerindäki dawa iki sany agalyk edýän toparlaryň arasynda bolupdyr. Olaryň her haýsynyň öz yzynyeýerijileri ýa-da Perişdeleri bolupdyr. Iblisiň we şeýtanyň köplenç rim we ýewreý sistemalary bilen baglanyşdyrylýandygyny görkezendigimizi unutmaň.
  3. Iblis – ajdarhanyň syýasy häkimiýetiniň görnüşi bolmagy, onuň „başlarynda ýedi täjiň“ (aýat 3) bolmagy bilen derňelýändir. Ylham 17:9-10 aýatlary ajdarha hakda şeýle diýýär: „Bu ýerde düşünmek üçin akyldarlyk gerek“, ýagny bu nägehany diri jandar ýaly kabul edäýmäň. „Ýedi baş ýedi dagydyr... hem patyşalardyr“. „Uzak bolmadyk wagt“ şalyk edýän bu patyşalaryň biri Ylham 12:12 „wagty az galan“ iblis-ajdarha bilen baglanyşdyrylýandygy ähtimaldyr.

 
Index