|
|
|
|
|

Turkmen Bible Literature

 

 
 

 

Çekeleşme 22: Taryhdaky Isa

Eger-de käbir adamlaryň nygtaýyşlary ýaly, birwagtlar Nasyraly Isanyň bolandygyna subutnama ýok bolsa, onda hristiançylygyň özüniň barlygyny hem düşündirmek kyndyr. Milýonlarça adamlaryň soňky 2000 ýylyň dowamynda hiç haçan bolmadyk adamy öz ynamlarynyň esasy edip alandyklaryny hem-de yzarlanmalara we ölüm jezalaryna garamazdan, bu asla bolmadyk adama bolan ynamy olaryň bütin dünýä ýaýradandyklaryny aýdyp biläýjek adama duş gelmek üçin, ummasyz sanly adamlara sorag bermek gerekdir. Hristianlar we ýewreýler Muhammediň öwgütlerini we taglymatyny inkär etseler-de, onuň birwagtlar ýaşap geçendigi bilen doly ylalaşýarlar. Hakykatda welin, biz iň tanymal taryhy şahsyýetleriň ýaşap geçendikleri bilen ylalaşýarys we munuň üçin aýratyn subutnamalary hem talap etmeýäris. Giňden meşhur taryhy wakalaryň aýratyn subutnamalaryny inkär etmek kyn düşse-de, olar tassyklanyp, köplenç analiz edilýär (mysal üçin, 1066 ýylda bolan Gastings söweşi).

Käbir adamlaryň Nasyraly Isanyň bolandygyny şeýle erjellik bilen inkär edýändikleri baradaky şol fakt Onuň Mesihiligini kabul etmegiň sebäpleri bilen ylalaşmazlyk üçin amatly bahana tapmak isleginiň çendenaşa reaksiýasy hakda aýdýandyr. Eger-de irki döwrüň ýewreýleriniň özleriniň hem biziň eramyzyň birinji asyrynda Isa atly adamyň bolup geçendigne ynanandyklaryny göz öňüne tutsaň, bu aýratynda dogry ýaly bolup görünýändir. Nasyraly Isanyň bolandygy baradaky indiki taryhy subutnamalara adamlaryň teologiýa oýlap tapmasy hökmünde garamaly däldir. Bu bölümde Gari Habermasyň kitabyndan alnan köp gyzykly maglumatlar berilýändir: „Isanyň durmuşy baradaky gadymy subutnama“.

1)   Rim taryhçysy Tasit biziň eramyzyň birinji asyry baradaky özüniň iki meşhur kitaplarynda („Annaly“ we „Taryhlar“) Isa hem-de hristianlar (mesihiler) barada ýatladyp geçýändir. Ol „Annalyda“ (biziň eramyzyň 115 ý. töweregi) şulary ýazypdyr:

„Garamaýak halkyň ýigrenjilik üçin ýirenen adamlaryň toparyna hristiançylyk diýlipdir. Bu atdan gelip çykan Mesih atly adam Tiberiýanyň hökümdarlyk edýän döwründe onuň prokuratorlarynyň biri bolan Pontiýa Pilatyň elinden ölüme höküm edildi“.

Bu kitaba laýyklykda, imperator Tiberiý biziň eramyzyň 14-den 37-nji ýyllar aralygy hökümdarlyk edipdir we döwrüň dowamynda Mesih ölüm jezasy bilen jezalandyrylypdyr. Tasit hristianlaryň imanynyň „Diňe bir Iudeýa, (bu ideýalaryň) birinji çeşmesinde ýaýraman, eýsem Rime hem ýaýrandygyny“ ýazýar. Soňra ol hristianlary örän güýçli derejede ýigrenediklerini we olaryň köpüsiniň Rimde ölüme höküm edilendiklerini beýan edýär. Bularyň bary Täze Ähtiň Isanyň we Onuň şägirtleriniň, resullaryň taglymatynyň Iudeýada döräp, soňra bolsa, özüniň ýolunda güýçli gapma-garşylyklara duş gelip, bütin rim imperiýasyna we şeýle hem Rime ýaýrandygy baradaky ýazylanlar bilen gabat gelýändir.

2)   Başga bir rim taryhçysy, Sutoniý Klawdiýanyň hökümdarlygy (biziň eramyzyň 41-54 ý.ý.) hakda şeýle ýazypdyr: „Ýewreýleriň Rimde Isanyň dürtgülemesi bilen yzygiderli bidüzgünçilikleri emele getirendikleri üçin, ol (Klawdiý) olary şäherden kowup çykardy“. Resullaryň Işleri 18:2 ýewreý är-aýaly bolan Akila we Iriskilanyň Rimde ýewreýleriň yzarlanmasy zerarly ol ýerden gitmeli bolandyklary aýdylýar.

Soňra Sutoniý Neronyň hökümdarlyk edýän döwründe hristianlaryň yzarlanmalary hakda ýazýar: „Rimde uly ot tutaşmadan soňra... täze we ýaramaz imany wagyz edýän sekta, ýagny hristianlar hem jeza sezewar bolupdyrlar“. Biziň eramyzyň birinji asyrynda „hristianlar“ atly toparyň bar bolandygyna bolan bu salgylanma öň şol asyrda Mesih atly adamyň bolandygy barada aýtmaga esas berýär.

3)   F. F. Brýus („Hristiançylygyň gelip çykyşy“, sah. 29) biziň eramyzyň 52-nji ýyl golaýda Tallas tarapyndan ýazylan, Gündogar Ortaýerdeňziniň taryhy boýunça kitapda hristiançylyk barada agzalýandygyna üns berip geçýär. Beýleki eserinde hem („Täze Äht baradaky Dokumentler“, sah. 113) Brýus Tallasyň Ýuliýa Afrikan atly adam barada agzaýandygyny aýdýar. Ol Isa haça çüýlenen wagty garaňkylyk aralaşanda, muňa gülüp, bu wakany gün tutulmasy diýip düşündiripdir. Bu Tallasyň biziň eramyzyň 52 ý. özüniň taryhyny ýazan wagtyndan birnäçe ýyl öňünden bolup geçen Mesihiň haça çüýlenmesi hakda ýazandygyny aýdýandyr.

4)   Rim döwlet işgäri bolan Pliniý birinji asyryň soňky ýyllarynda hristianlar atly adamlaryň örän aktiw toparynyň bolandygyny agzap geçýär. Ol şol adamlaryň ýatlama gulluklary geçirişlerini şeýle beýan edýär: „Olaryň belli bir kesgitlenen günde toplanyşyp, daňa çenli Mesihe gimn aýdymlaryny aýtmak endigi bolupdyr“ („Pliniýanyň hatlary“, Melmotyň terjimesi 2-nji tom, Х:96).

Rim imperatorlary Traýan we Adrian hristianlara çemeleşme babatda, özleriniň kynçylyklary barada aýdypdyrlar (ser. „Pliniýanyň hatlary“ 2-nji tom, Х:97 hem-de Ewsibiýanyň „Ekklesiastik taryhy“ IV:IX). Biziň eramyzyň birinji asyryndan bäri bu toparyň bar bolmagy hem-de yzarlanma döwrinde olaryň görkezen çydamlylygy hakykatdan hem birinji asyrda ýaşap geçen taryhy şahsyýetiň yzyny eýeren adamalar bolandygy hakda şaýatlyk edýär.

5)   Ýewreýleriň mukaddes kitaby bolan Talmut 43-a Sinedrionynda Isanyň ölümi barada agzap geçýär. Talmudyň bu bölegi bu kitabyň irki ýazylan döwrüne degişlidi hasaplanýar (ýagny, biziň eramyzyň 70-200 ý.ý):

„Pashanyň öňüsyrasynda Ýesuny (Isany) dardan asdylar. Heniz Oňa jeza berilmezden kyrk gün öň ýany jarçy aýlanyp, batly ses bilen şuny yglan etdi: „Ony daşlamakçy bolýarlar. Çünki ol jadygöýlik bilen meşgullanyp, ysraýyllary imandan dänmäge küşgüripdir. Kimde-kim onuň tarapyny tutup, bir zatlar aýtmakçy bolsa, goý öňe çykyp, onuň tarapyny tutsyn“. Emma onuň tarapy hiç hili tutulmansoň, ony Pashanyň öňüsyrasyndaky gün dardan asdylar“.

„Dardan asylan“ diýlen sözi „haça çüýlenen“ hökmünde düşünmelidir- ol bu manyda Täze Ähtde hem ulanylýandyr (Galatýalylar 3:13; Luka 23:39). Bu bölümde ýewreýleriň Isanyň daşlanmagyny isländikleri hakda aýdylýar (mümkin, Musanyň Kanuny boýunçadyr?), ýöne hakykatda welin, Onuň dardan asylandygy habar berilýär. Muňa Täze Ähtde düşündiriş berilýär. Munda ýewreýleriň rim kanuny boýunça, Isanyň ölümi baradaky hökümi, ýagny ony dardan asmak bilen ýerine ýetirmeli bolandyklary görkezilýär.

43-a Sinedrionynda Isanyň bäş şägirdiniň hem höküm edilip, ölüm jezasyna höküm edilendikleri hakda aýdylýar. Bu ýerde ýene-de ýewreýleriň taryhy Isanyň bardygyna ynanandyklary bellenýär. 106-6 Sinedrionynda hatda Isanyň ölende 33 ýaşynda bolandygy hem aýdylýar. Bu bolsa, doly Täze Äht bilen gabat gelýändir. Meýer („Ilkinji Pasha“, sah. 117, 118) bäşinji asyryň ýewreý „Toledot Ýesu“ dokumendinde parçany getirýär. Munda Isa ölenden soňra resullaryň onuň meýdini ogurlamaga synanyşandyklary, ýöne Iuda atly bagbanyň olaryň bu niýetini bilip, Isanyň meýdini başga bir ýere geçirip, soňra ony ýewreýlere gowşurandygy nygtalýandyr. Biziň eramyzyň 150-nji ýylynda Ýustin Martir ýewreýleriň Isanyň meýdiniň ogurlanandygyny jar eden ýörüte habarçylary ýollandyklaryny ýazypdyr („Trifo bilen dialog“, sah. 108). Biziň eramyzyň 200-nji ýylynda edil bu maglumaty Tertilian hem ýazypdyr („Hadysalar barada“, sah. 30). Şeýlelikde, bu maglumatlaryň hemmesi biziň eramyzyň birinji asyrlarynyň ýewreýleriniň taryhy Isanyň sütemli ölüminiň bolandygyna ynanandyklaryny aýdýar.

6)   Ikinji asyrda ýazyp geçen grek dramaturgy Lýusian „haça çüýlenen adamy şu güne çenli hem arşa çykarýan“ hristianlaryň üstünden gülüpdir (Lýusian, „Rimde ýaşap geçen özge ýurtlynyň ölümi“, sah. 11-13, „Lýusianyň işleri“, tom 4, Fauleriň terjimesi we Fauler).

7)   Birinji asyryň iň görnükli taryhçysy Ýusup bolupdyr. Özüniň „Gadymýetiň ýadygärlikleri“ atly kitabynda ol „Mesih diýlip atlandyrylan Isanyň dogany“ Ýakuby agzap geçýär. Şol kitabyň beýleki bir böleginde bolsa ol Täze Ähtde Isanyň beýan edilmesi bilen gabat gelýän sözler bilen, Isa hakda şeýle diýýär: „Şonda şol wagt akylly adam bolan Isa bolupdyr... Çünki ol täsin işleri berjaý eden adam bolupdyr...Ol Mesih bolupdy... üçülenji güni ol edil edil Taňry pygamberi kimin olara diri ýagdaýda göründi we muny hem-de özi hakda başga on müň täsin wakalary öňünden welilik edip aýtdy“.

Bu bölüm örän takyk beýannamany berýändir welin, köpler muny hatda interpolýasiýa (göçürýän adamyň ýa-da terjimeçiň originalda ýok bolan sözi ýa-da sözlemi tekste girizmegi) hasaplaýarlar. Biziň eramyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen Nasyraly Isa atly adamyň bolandygy hakdaky tassyklamany goldaw bermekde, bu bölümiň ulanylyşynyň zerurlygy hakda şular ýaly maglumatlary aýdýandyrlar:

·      Ewsibiý („Ekklesiastik taryhy“, 1:XI) Ýusubyň bu bölümini sitirleýändir.

·      Hormatly alymlar bu birinji okama edil originak ýaly goldaw berýärler hem-de bu bölümiň hem edil Ýusubyň eseriniň beýleki bölegi ýaly, şol bir stilde ýazylandygyny görkezip bilýärler ( ser. Daniýel Rops, „Isanyň döwürdeşleriniň dymmagy“, sah. 21; J.N.D. Anderson, „Täze Ähtiň dokumentleri“, sah. 108, 109).

·      Bu bölümiň interpolýasiýadygyna tekstual tassyklamalar ýokdur.

·      Professor Şlomo Paýns çynlakaý original diýen ýaly, Ýusubyň eseriniň arab neşiriniň tapylandygyny tassyklaýar. Biziň sitirleýän bölümimiz ol ýerde bardyr. Ýöne bu ýokarda görkezilen bölümde Isanyň direlşi we messiançylygy babatda berjaý edilen anyk doktriner tassyklamasyzdyr. Eger-de Ýusubyň ýewreýdigi göz öňüne tutulsa, bu bijaý ýerlikli bolup görünýändir. Paýns özüniň açyşy hakda ilkinji gezek 1972 ýylyň 12-nji Fewralynda „Nýu-Ýork Taýms“ gazetinde habar berdi. Bu ýerde ol biziň Isa hakdaky arab neşirinden durup geçen bölümi getirýär: „Şol wagt ol ýerde Isa atly akyldar adam bolupdyr. Onuň özüni alyp barşynda diňe gowulyk bolupdyr we ol hoşniýetli hökmünde tanalypdyr. Ýewreýleriň we beýleki halklaryň içinden köp adam onuň şägirtleri bolupdyr. Pilatus ony haça çüýlenmäge we ölüme höküm edipdir. Onuň şägirtleri bolanlar onuň taglymatyndan dänmändirler; olar onuň haça çüýlenenden üç gün geçenden soňra olaryň öňünde peýda bolandygyny aýdypdyrlar hem-de ol diri bolupdyr; muňa görä-de, ol pygamberleriň onuň keramatlary babatda gürrüň beren Mesihi bolmagy mümkindir“. Bu beýan edilme Täze Ähtde Isa hakda aýdylýan zatlar bilen örän täsin bolup, gabat gelýändir.


 
Index