| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
Çekeleşme 23: “Men göklerden indim“ „Çünki gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýän Hudaýyň çöregidir...Men gökden indim“ (Ýahýa 6:33, 38). Bu we şeýle hem bulara kybapdaş bolan sözler Isanyň heniz dogulmanka fiziki ýagdaýda Göklerde bolandygy baradaky ýalan ideýany esaslandyrmak üçin nädogry ulanylýandyr. Emma bu ýerde şu ýagdaýlara üns bermelidir: 1. Üçbirlik dogmatyna (taglymatyna) ynanýanlar öz doktrinalaryny tassyklamak üçin bu sözleri gönimel manyda kabul edýärler. Ýöne eger-de biz bulara şeýle garasak, onda bu biziň Isanyň asmanda nähilidir bir usul bilen asmanda gaýyp ýörendigine ynandygymyz bolar. Bu bolsa Onuň Merýemiň ýatgysynda emele gelip, dörändigi baradaky aýdan ähli sözlerini ähmiýetsiz edýändir. Ýahýa 6:60 asman mannasy hakda aýdyp, şeýle diýýär: „Muny nädip diňläp bolar?“, ýagny ol manna baradaky sözleri metaforiki manyda düşünmelidigine düşündiriş berýär. 2. Ýahýanyň 6 babynda Isa mannanyň Onuň Özüni aňladyp görkezýändigini düşündirýär. Mannanyň Hudaý tarapyndan ýollanandygy baradaky sözlere munuň ýerde peýda bolmagyna Hudaýyň jogap berýändigi manyda düşünmelidir; fiziki ýagdaýda bu Gökdäki Taňrynyň tagtyndan inmändi. Mesihiň Gökden geljekdigi baradaky sözlere-de edil şeýle düşünmelidir. Ol ýerde Merýemiň göwresine täsir eden Mukaddes Ruh tarapyndan ýaradylandyr (Luka 1:35). 3. Isa: „Meniň berjek çöregim, Meniň Tenimdir“ diýýär (Ýahýa 6:57). Üçbirlik taglymatynyň tarapdarlary Gökden „Taňrynyň“ Isa diýen böleginiň inendigini tassyklaýarlar. Ýöne Isa „Özüniň „Tenini“ – Gökden inen çörekdigini“ nygtaýar. Edil munuň ýaly-da, Ol Asman çöregini Özi bilen „Hudaýyň Ogly“ däl-de, edil „Ynsan Ogly“ hökmünde meňzedýändir (Ýahýa 6:62). 4. Ýahýa 6 babynyň edil şol bölüminde hem Isanyň Hudaýyň deňi bolmandygy baradaky çynlakaý tassyknama bardyr. „Meni diri Atam iberdi“ diýen sözler (Ýahýa 6:57) Isanyň Özüni Hudaý bilen deňemeýändigini görkezýändir; „Men Atam arkaly ýaşaýaryn“ (Ýahýa 6:57) sözler üçbirligiň muşdaklarynyň „ýeketäk ebediligi“ hakda aýdýanlaryny biraz aňladýandyr. 5. „Haçan we nädip Isa Gökden „inipdir“?“ diýen soragy bermek bolar. Üçbirlige ynanýanlar Ýahýa 6 babyň aýatlaryny Isa Özüniň doglan wagty (33, 50 aýatlar) Gökden inendigini, ýagny Özüniň üznüksiz ýaşaýyş prosesiniň dowamynda ýokardan aşak düşendigi „nygtamak“ üçin ulanýarlar. Taňrynyň peşgeşi Isa barada aýtmak bilen, Mesih şeýle diýdi: „Hakyky çöregi gökden size Atam berýär“ (32-nji aýat). Isa bu sözleri aýdan wagty, Ol eýýäm „ýokardan inen“ manyda bolupdy. Çünki Ol Hudaý tarapyndan ýollanypdy. Munuň netijesinde, Ol: „Gökden inen diri çörek Mendirin“ (51-nji aýat) diýip, işlikleri öten zamanda ulanmak bilen, Özi hakda aýdyp bilipdir. Ýöne Ol Özüniň haçdaky ölümi görnüşde Gökden „inen“ çörek hakda hem aýdýar: „Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Öz Tenimdir“ (51-nji aýat). Şeýlelikde, bu ýerde Isa Özüniň eýýäm Gökden inendigini, Özüniň „geliş“ prosesindegini we şeýle hem özüniň haçdaky ölümi bilen, „düşmeli“ boljakdygyny aýdyar. Bu faktyň ýeke özi-de eýýäm „aşak inmegiň“ diňe bir Mesihiň dogulmasyna däl-de, eýsem Hudaýyň Özüni aýan etmegine degişlidigini tassyklaýandyr. Täze Ähtde bu Hudaýyň „aşak inmesine“ bolan ähli salgylanmalar bilen pugta nygtalýandyr. Şeýlelikde „aşak inme“ söziň hem biziň edil şu wagt aýdyp geçen manysy bardyr. Şeýdip Hudaý Müsürde Öz halkynyň gözgyny ýagdaýyny görüpdir hem-de ony halas etmek üçin Musadan peýdalanyp, „aşak inipdir“. Ol şeýle hem adamlaryň günä babatda gulçulykly garaýyşlaryny gördi we „aşak indi“ ýa-da bizi gulçulykdan çykarmak üçin Isany ýollap, Özüni aýan etdi. |