| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
Çekeleşme 24: Eýsem Isa ýeri ýaratdymyka? „Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur. Sebäbi gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklarydyr ygtyýarlary, baryny Şol (Isa) ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir. Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Her zatda Özi birinji bolar ýaly, başlangyç, ölülerden ilkinji doglan-da Oldur“ (Koloseliler 1:15-18). Bu Mesihiň topragy ýaradandygy ýaly täsiri döredýän, Bibliýanyň adaty borçlaryndan biridir. 1. Emma Bibliýada Isanyň Özüniň dogulmazyndan ozal bolmadygyny aýdýan başga-da köp parçalar bardyr. Barlyk Kitaby ýaradyjynyň Hudaý bolandygyny aýdyň öwredýändir. Eger-de biz ýaradyjynyň Isadygy hakda oýlansak, onda bu biziň Mesihi Hudaý bilen deň derejede goýdugymyz bolar. Munuň ýaly ýagdaýda bolsa, Hudaý bilen Isanyň arasyndaky tapawut hakda aýdýan köp aýatlary düşündirip bolmaz (mysal üçin, bu kitabyň 8.2 bölümine seret). 2. Isa başlangyjy aýdýan ilkinji bolupdy. Ýer ýaradylmanka Isanyň Hudaýyň ilkinjisi bolandygyna hiç hili subutnamalar ýokdur. 2 Patyşalyklar 7:14 we Zebur 89:27 ýaly aýatlar Hudaýyň ilkinjisiniň Dawudyň nesli boljakdygyny öňünden aýdypdyrlar. Haçanda bu parçalar ýazylan wagty onuň heniz bolmandygy aýdyňdyr. Isa „ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogly“ boldy (Rimliler 1:4). Hudaý „Ikinji mezmurda ýazylyşy ýaly, Isany direltdi: „Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seni öndürdim“ (Resullaryň işleri 13:32,33). Şeýlelikde, Isa Özüniň direlmegi arkaly Taňrynyň ilkinjisi boldy. Şeýle hem öz atasynyň sagynda oturan ogluň ilkinji bolýandygyny hem belläň (Barlyk Kitaby 48:13-16). Şeýlelikde, Mesih Özüniň direlmeginden soňra Hudaýyň sag golunyň tarapynda galdyryldy (Resullaryň işleri 2:34; Ýewreýlere 1:3). 3. Bu manyda Isa „ölülerden ilkinji doglan başlangyç“ ýaly beýan edilýär (Koloseliler 1:18). Bu özüniň manysy boýunça „bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany“ (Koloseliler 1:15) sözlere ýa-da döredilşe deňdir. Şonuň üçin Isa Özi hakda „ölümden ilkinji direlen...Hudaýyň ýaradanlarynyň başy“ diýýär (Ylham 1:5; 3:14). Isa ölmez erkekleriň we aýallaryň täze ýaradylanlaryndan ilkinjisi bolupdy. Taňrynyň ölmez ogullary hökmünde, olaryň direlmegi we we doly derejede dogulmagy Isanyň ölümi we direlşi arkaly mümkin boldy (Efesliler 2:10; 4:23,24; 2 Korintoslylar 5:17). „Mesihe bagly bolanlaryň ählisi (hakyky imanlylar) direler. Ýöne hes kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler“ (1 Korintoslylar 15:22, 23). Bu Koloseliler 1 aýatdaky ýaly, şol bir ideýadyr. Isa ölülerden direlen hem-de ölmezligi alan ilkinji bolupdy; Ol täze ýaradylanlardan ilkinji bolupdy. Hakyky imanlylar hem Ol gaýdyp gelende Onuň göreldesine eýererler. 4. Şuňa görä-de, Koloseliler 1 babynda aýdylýan döredilmäniň beýany Barlyk Kitabyndaky döredilmäniň beýany bolman, eýsem täze ýaradylmanyň beýanydyr. Isanyň işleri arkaly „tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklarydyr ygtyýarlar...ähli zatlar“ we ş. m. ýaradyldy. Pawlus tebigatdaky ähli zatlary, mysal üçin, derýalary, daglary, guşlary we ş.m. Isanyň ýaradandygyny aýtmaýar. Bu täze ýaradylmanyň elementleri bizde Taňrynyň Patyşalygynda boljak sylaglary düzýändir. „Tagtlar, häkimiýetler“ we ş.m. – bularyň bary imanlylaryň „biziň Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalar we ruhanylar bolup, dünýä üstünden höküm sürjekdiklerini“ (Ylham 5:10) aňladýandyr. Bularyň bary Isanyň işleriniň üsti arkaly mümkin boldy. „Gökdäki ähli zatlary Ol ýaratdy“ (Koloseliler 1:16). Efesliler 2:6 biz „Mesih Isada göklerde“ oturan imanlylar hakda okaýarys. Şeýlelikde, bu aýatlar biziň häzir alyp biljek ýokary ruhy wezipämiziň hem-de geljekde eýe boljak zatlarymyzyň ählisi Isa sebäpli mümkin bolandygyny aýdýandyrlar. „Göklerde we ýerde“ „Onuň (Isanyň) haçda dökülen gany“ bilen ýaraşdyrmak üçin gerek bolan zatlaryň ählisi bardyr (Koloseliler 1:16, 20). Bu „göklerde“ bar bolan ähli zatlaryň bizi gurşap alýan ähli fiziki ýaradylanlara degişli bolman, eýsem häzir „Mesih Isada göklerde bolan“ imanlylara degişlidigini görkezýändir. 5. Mesihiň “bütin ýaradylyşdan ozal“ bolandygy baradaky sözler döwre degişli bolman, eýsem Hudaýyň ýanynda bar bolan beýleki ähli zatlardan has wajyp bolan Onuň tutýan ornuna degişli bolup biler. Ol „ilkibaşdan“ ýa-da bize, ýagny „ähli ýaradylanlara“ garanyňda has wajyp bolupdyr. Ol ähli zatlary özara ylalaşdyrmaga gelipdir. Matta 21:31 aýaty bu ýerde muňa kybapdaş mysal bolup gelýändir: „...salgytçylardyr kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden (näletkär ýewreýlerden) öň girer“. Hakykatda Mesihiň gürleşen ýewreýleri Hudaýyň Patyşalygynda bolmazlar (Luka 13:28; Matta 8:12; 21:43). Şonuň üçin gürrüň bu ýerde imanlylaryň wagt manyda olardan öňürti Patyşalyga girmegi hakda däldir. Isanyň „bütin ýaradylyşdan öňürtidigi“ baradaky sözler üçbirligiň tarapdarlary bolan apologetleriň bu bölümi „Onuň her bir ýaradylandan öň“ diýip düşündirişleri ýaly aňladýan däldir. 1 Petrus 4:8 „öň“ diýip aňladýan grek sözi „has-da“ diýlen söz hökmünde terjime edilýändir. |