| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
Çekeleşme 25: „Men Ybraýym dogmazyndan öň-de bardym“ (Ýahýa 8:58) Bu sözler köplenç Isanyň Ybraýymdan-da öň bolandygyny öwredilme üçin nädogry ulanylýandyr. Emma muny has çuň öwrenilende welin, bu muňa düýbünden garşy gelýändir: 1. Isa: „Men Ybraýym dogmazyndan öň-de bardym“ diýmeýär. Ol Ybraýymyň wada edilen nesli bolupdy. Şonuň üçin eger-de biz Isanyň fiziki ýagdaýda Ybraýymdan öňki döwürde bolandygyny aýtsak, onda biz Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň manysynyň ähmiýetsizdigini göreris. 2. Ýahýanyň Hoş Habarynyň 8:58 aýdylýan sözler Mesihiň Ybraýym babatda iudeýler bilen özara gürrüňidir. Olar üçin Ybraýym birwagtlar ýaşap geçen beýik adam bolupdy. „Men häzi bardyryn (haçanda bu ýerde duran wagtym) Ybraýymdan has-da wajypdyr“. „Öň“ diýlip terjime edilýän „PRO“ grek sözi Ybraýymdan-da öňki döwre däl-de, has wajyp bolan Mesihe degişlidir. Biz ýene-de „ozal“ sözüniň Bibliýada ulanylyşyny görkezýän Matta 21:31 aýatyna salgylanyp bileris. Isa: „...salgytçylardyr kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden (näletkär ýewreýlerden) öň girer“ diýdi. Hakykatda Mesihiň gürleşen ýewreýleri Hudaýyň Patyşalygynda bolmazlar (Luka 13:28; Matta 8:12; 21:43). Şonuň üçin gürrüň bu ýerde imanlylaryň wagt manyda olardan öňürti Patyşalyga girmegi hakda däldir. Haçanda bu gürrüň edilende Ybraýym däl-de Isa dabaralanmalydy. Mesih: „Men häzir Ybraýymdan-da has wajypdyryn“ diýýär. Emma Ýahýa 8:58 ulanylýan „öň“ sözi birneme derejede wagt babatda hem düşünmek bolar. Çünki Ybraýymyň ýaşap geçen döwründen-de öň Mesih eýýäm Hudaýyň planlarynda bolupdyr we bu niýet Onda dünýäniň ýaradylşyndan bäri ilkibaşdan bolupdyr. Şeýlelikde, Isa Özüniň wajyplygy bilen Ybraýymdan „öň“ manyda bolupdyr we „ozal (öň)“ sözüne hem şeýle düşünmelidir. 3. Munuň subutnamasyny biz Ýahýa 8:56 aýatda görýändiris: „Siziň ataňyz Ybraýym Meniň günlerimi görjekdigine şatlanýardy; ol gördi we şatlandy“. Ýazgyda aýdylşy ýaly, Ybraýym diňe bir gezek gülüp şatlanypdyr. Bu hem haçanda ol özüniň nesliniň boljakdygy baradaky wadany alanda bolup geçipdi. Ahyrsoňy ol wadanyň Isa degişlidigine düşünipdir (Barlyk Kitaby 17:17). Ybraýym özüne berlen wadanyň üsti arkaly Mesihi öňden görüpdir. Ol Onuň geljekki gurban edilmesine makullamazlyk pikirinde bolupdyr: „Ýehowanyň dagynda üpjin bolar“ (Barlyk Kitaby 22:14). Isa edil şu manyda hem Özüniň Ybraýymy öň görendigi ýaly aýdýandyr. Mesih wadany göz öňüne tutup: „Men Ybraýym dogmazyndan öň-de bardym“ diýip bilipdi. Biziň 3.1 bölümde düşündirip geçişimiz ýaly, Isa Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň Hudaýyň eýýäm dünýäni ýaradandan bäri Özi barada bilen niýetini aýan edendigine düşünipdir. Bu wada birinji asyryň ýewreýleriniň gözleriniň alnynda berjaý bolupdyr. Çünki bu olaryň şol wagt Isanyň daşyny gurşap alyp durkalar, ýagny söz (wada) tene öwrülende“ wagty berjaý bolupdyr. 4. Isa: „Mendirin“ diýende, köplenç Taňrynyň adyny agzaýandygyny nygtaýarlar. Biz Çekeleşme 3 eýýäm Isanyň hem beýleki ýönekeý adamlaryň edişleri ýaly, özüni Hudaýyň Özi hasaplaman, Hudaýyň adyny göterip bilýändigini aýdyp geçipdik. Ýöne Isanyň bu ýerde „bolmak“ işligiň häzirki zamanyny ulanýandygy bolmagy hem ähtimaldyr. Edil munuň ýaly ýagdaý aşakda Ýahýa 9:9 birnäçe aýatlarynyň üsti arkaly-da duş gelýändir. Isa kör gedaýy sagaldypdyr we ol görüp başlapdyr. Haýran galan adamlar onuň hakykatdan hem elini serip oturan şol kör adamdygyny bilmek üçin biri-birlerine sorag beripdirler. „Käbirleri“ „Şol“ diýdiler; käbirleri: „Ýok, bu diňe oňa meňzeş“ diýdiler. Ýöne onuň özi: „Men“ diýdi“. Mümkin siz bu ýerde Bibliýada „men“ diýlen sözüň bellenendigine üns berersiňiz. Bu grek tekstinde bu sözüň ýokdugyny aňladýandyr. Bu terjimeçiler tarapyndan goşulandyr. Sagalan körüň: „Mendirin“ diýmegi hem edil Isanyň Ýahýa 8:58 aýdyşy ýalydyr. Eger-de biz Mesihiň „Mendirin“ diýen sözi bilen Özüniň Hudaýdygyny aýdýandygy hasaplasak, onda biz sagalan körüň hem özi hakda edil Hudaý ýaly aýdýandygyny kabul etmeli bolarys. Emma Taňrynyň Ady bolan Ýahweniň hakykatda: „Men bar bolanyň Özüdirin“ ýa-da ýöne „Mendirin“ diýmekligi aňladýandygyny bellemek zerurdyr. |