| |
| |
| |
| |
|
| |
|
| |
|
|
Çekeleşme 26: Melhisedek Bibliýany öwrenýän köp adamlar Petrusyň aýatlaryndan soňra ýürekden „Omyn“ diýýärler: „Söýgüli doganymyz Pawlusyň hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size ýazyşy ýaly, Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň. Ol bu zatlardan gürrüň berende, bütin hatlarynda şeýle ýazýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirlerine düşünmek kyndyr, nadan hem durnuksyz adamlar bolsa beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýuşlary ýaly bulary-da öz heläkçilikleri üçin ýoýarlar" (2 Petrus 3:15-16). Bu elbetde Pawlusyň gadymy ýewreý dilinde aýdan Melhisedek baradaky sözlere degişlidir. Ol özüniň kyn düşünilýän hakda aýdýandygyny hem-de mümkin munuň diňe gowy taýýarlykly bolan imanlylar üçin düşnüklidigini boýun alypdyr (Ýewreýler 5:10, 11, 14). Emma bu aýatlara düşünmek üçin Bibliýany fundamental derejede öwrenmeklik talap edilýändir öýdmäň; şeýle hem Mukaddes Ýazgylaryň esasyny öwrenýän adamlar üçin Melhisedek baradaky bölümleriň manysyny köpeltmeli hem däldir. „Bu Melhisedek Salem patyşasy hem-de Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ol patyşalary derbi-dagyn edip gelýän Ybraýymy garşylap, oňa oňa ak pata berdi“ onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar. Ýöne Hudaýyň Ogluna meňzedilip, mydamalyk ruhany bolup galýar“ (Ýewreýler 7:1, 3). Bu setirlerden ugur alyp, käbir adamlar Isanyň heniz dogulmazdan öň hem bolandygyny hem-de şuňa görä-de, onuň ynsan ene-atasynyň-da bolmandygyny netije çykarýarlar. Isanyň Atasy (Hudaý) we enesi (Merýem) hem-de genealogiýasy bolupdyr (ser. Matta 1; Luka 3 Ýahýa 7:27 bilen deňeşdiriň). Şonuň üçin Melhisedegiň Oňa hiç hili şahsy dahyly ýokdur. Mundan başga-da, Melhisedek Hudaýyň Ogluna meňzedilip“ (Ýewreýler 7:3) Isanyň Özi bolmandyr. Bu ýöne awtoryň okuw maksatlarynda ulanýan Onuň bilen kesgitli derejede meňzeşligi bolupdyr. „Melhisedege meňzeş başga bir ruhanynyň ýüze çykmagy“ (Ýewreýler 7;15) bilen, Isa hem „Melhisedek düzgüni boýunca“ (Ýewreýler 5:5, 6) ruhanylyga şöhratlanyldy. Melhisedek baradaky gadymy ýewreý dili gönümel manyda kabul edilip bilmez. Eger-de melhisedekde hakykatdan hem ata-ene ýok bolan bolsa, onda onuň diňe bir Hudaýy bolandyr. Ol – başlangyjy bolmadyk ýeketäk adamdyr (1Timoteos 6:16; Zebur 89:3). Emma muňa Ýewreýleriň 7:4 aýatynda aýdylýan „Ol nähili beýik (adam)“ sözler we şeýle hem ony adamlaryň görmegi (Hudaýy görmek mümkin däldir) hem-de onuň Hudaýa gurbanlyk getirmeleri garşylyk döredýändir. Eger-de oňa adam diýýän bolsalar, onda sözüň gönümel manysy boýunça, onuň atasy-enesi-de bolmalydyr. Onuň „onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däldigini“ bolsa, onuň geneologiýasynyň we ene-atasynyň hiç ýerde hasaba alynmandygy bilen düşündirmek bolar. Şa aýaly Esteriň hem ene-atasy barada hiç hili ýazgylar bolmandyr. Onuň nesil şejeresi hem edil munuň ýaly beýan edilýändir. Esteri Marhodeý atly adam terbiýeläpdir. „Onuň daýysynyň gyzy bolupdyr. Çünki onuň ne atasy, ne-de enesi bolupdyr... Onuň atasy we enesi ölenlerinden soňra Marhodeý ony özüne gyz edip alypdyr“ (Ester 2:7). Barlyk Kitapda adatça bize görkezilýän ähli şahsyýetleriň nesil şejeresi jikme-jik berilýändir. Ýöne Melhisedek hiç hili maglumatsyz hem-de onuň ata-enesi hakda hem hiç zat agzalmasdan peýda bolýar we soňra şonuň ýaly hem duýdansyz bolup ýok bolýar. Onuň şol döwürde uly sylag hormata eýe bolandygyna hiç hili şübhelenme ýokdur. Çünki hatda beýik Ybraýym-da oňa hakynyň onunjy bölegini töläpdir hem-de ondan ak pata alypdyr. Bu Melhisedegiň Ybraýymdan-da beýik derejäni eýeländigini anyk görkezýändir (Efesliler 7:2, 7). Pawlus Mukaddes Ýazgylar bilen akyl türgenleşigini geçiren däldir. Birinji asyrda Melhisedegiň sebäbini çözüp biljek hakyky kynçylyk bolupdyr. Ýewreýler şeýle pikirde bolupdyrlar: „Siz, mesihiler, bize Isanyň häzir biziň Birinji Ruhanymyz bolup bijekdigini aýdýarsyňyz. Ýöne ruhanyda onuň Lewiniň urug taýpasyndandygyny tassyklaýan meşhur nesil şejeresi bolmalydyr. Mundan başga-da, siziň özüňiz Isanyň Iudanyň urug taýpasyndan bolandygyny aýdýarsyňyz“ (Ýewreýler 7;14). „Gynansakda, biziň üçin ýokary derejeli ýolbaşçymyz we göreldämiz Ybraýymdyr“ (Ýahýa 8:33, 39). Şonuň üçin biz onuň ýerine Isany goýup bilmeris“. Muňa Pawlus şeýle jogap berýär: „Ýöne Melhisedegi unutmaň. Barlyk Kitaby bize munuň ýaly beýik ruhanynyň hiç hili nesil şejerisiniň bolmandygyny görkezýär; Mesih bolsa, hem patyşa, hem-de ruhany bolmalydy we onuň ruhanylygy Melhisedegiň düzgüni boýunça bolmalydy“ (Ýewreýler 5:6 Zebur 109:4 bilen deňeşdiriň). Ybraýym özüniň derejesi boýunça Melhisedekden pesde bolupdyr. Şonuň üçin siz öz ünsüňizi Ybraýymdan sowup, Isa gönükdirmelisiňiz hem-de nesil şejerisi hakda soragy şeýle wajyp etmäge dyrjaşmagyňyzy bes etmelisiňiz (ser. 1 Timoteos 1:4). Eger-de siz Melhisedegiň Isa bilen (ýagny, olaryň durmuşynyň jikme-jiklikleri bilen) örän meňzeşligi hakda oýlansaňyz, onda siz Isanyň işlerine has köp düşünersiňiz“. Biz hem mundan özümize sapak hökmünde peýdalanyp bileris. |