| carelink ministries |
Çekeleşme 27: „Hudaıyň häsiıetine eıe bolmak“
„Isa... Hudaıyň häsiıetine eıe bolsa-da, Hudaı bilen deňligi olja hasap etmän, gaıtam gul häsiıetini alyp, Öz-Özüni hiç etdi“ (Filipililere 2:6,7). Bu aýatlar Isanyň Hudaýyň Özi bolandygyny, ýöne doglanda Onuň ynsan keşbini alandygyny tassyklamak üçin ulanylýandyr. Eger-de bu beýle bolýan bolsa, onda 7-nji we 8-nji baplarda aýdylan her bir tassyknamany aýryp taşlamaly bolardy. Ýeke bir bölüm Mukaddes Kitaby öwrenmegiň umumy mazmunyna garşy gelip bilinmejegi hakda oýlanylmalydyr. Bu uçbirlik, ýagny Isanyň Merýemiň göwresinde çaga emele gelinçä göklerde Hudaýyň keşbinden emele gelendigi baradaky dogmatda, „ýok tarapy“ goldap biljek ýeketäk aýatlar diýen ýalydygyny bellemek zerurdyr. Aşakda görkezilen analizde ýokarda görkezilen bölümiň manysyny düşündirmäge synanyşylýar.
1. Filipililere 2:5-11 aýatlarda üçbirlik ideýasyna doly garşy gelýän jümleleriň birnäçesi bardyr:
а) „Şonuň uçin hem Hudaý Ony (Isany) juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi“ (9-njy aıat). Bu aıat Isanyň Öz-özuni beıgeltmändigini we muny Hudaıyň ıerine ıetirendigini görkezıändir. Bu aıdylanlardan ugur alyp, Onuň asmana göterilişinde Onuň bilen muny Hudaıyň ıerine ıetirinçä, Özuniň ıokara göterilmäge ıagdaıly bolmadygyny aıtmak bolar.
б) Öz –Özüni Mesih bilen ylalaşdyrmagyň butin prosesi hem-de soňra Onuň Hudaı tarapyndan göterilmegi „Ata Hudaıyň şöhraty“ üçin bolup geçmelidi (11 aıat). Şonuň netijesinde, Ata Hudaıyň Öz Ogly bilen deň derejede däldigini görmek bolar.
2. Bu bölümiň manysyna üns bilen garamak zerurdyr. Pawlus hem „ýöne ýerden muny aýtmaz“. Biraz ýokarda bolsa, 1:27 aýatda ol biziň pikirlenmek ýagdaýmyzyň wajyplygyny belläp geçýär. Ol bu ideýany ikinji babyň başynda has jikme-jik aýan edýär: „...bir ruhda berk duruň we bir jan boluň...Her kim diňe öz peıdasyny däl-de, beılekileriň hem peıdasyny gözlesin. Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun“ (Filipililere 2: 2-5). Bu ýerde Pawlusyň Özüni beýlekilere gulluk etmekde bagyş eden Mesihde bolan pikiriň bizde-de bolamalydygynyň wajyplygy barada aýdýandygyny görmek bolar. Indiki aýatlar bolsa, Isanyň tebigatyň nähilidir bir özgermegi barada aýdan sözleri bolman, eýsem görkezen bir ruhda bir jan bolmaklygy barada beýan edýändirler.
3. Isa „Taňrynyň keşbi“ bolupdy. 8.3 bölümde biz Isada ynsan tebigatynyň bolandygyny, şonuň üçin-de, Taňry tebigaty baradaky sözleriň Oňa hiç-hili dahylly däldigini görkezipdik. Mukaddes Kitabyň (Bibliýanyň) Täze Halkara neşirindäki bu bölümiň terjimesinde çynlakaý günälere ýol berlendir. „Aňsat okamaklyk“ üçin niýetlenen käbir häzirki zaman terjimelerde grek tekstiniň takyk aňlatmasyny nädogry düşündirýän tendesiýasy bardyr hem-de olar käbir aýatlaryň takyk terjimesini bermän, eýsem olary ýöne gürrüň berýändigini bellemeklik zerurdyr. Filipililere 2:5-8 muňa düýpli mysal bolup biler. Emma, biz bu ýerde Bibliýanyň meşhurlygynyň şeýle usulynyň manysyny peseltmäge özümize maksat edinýän däldiris.
„Keşp“ sözi („morphe grek sözi) Filipililere 2:7 aıdylıan aıatda „gulyň keşbini“ aňlatmak üçin ulanylyp bilmez. Onda Taňry keşbi bolupdy, ıöne ol gul keşbini kabul etdi. Guluň tebigy aslyıeti islendik beıleki bir adamyň tebigy aslyıetinden tapawutlanıan däldir. Kontekste laıyklykda, biz muny Isanyň birkemsiz bolup, onuň oı-pikirleriniň Hudaıyňka meňzeş bolandygyna garamazdan, özüni alyp barşy bilen Özüne guluň keşbini almak isländigi manyda düşündirip bileris. Birnäçe aıat aşakda bolsa, Pawlus bizi „Onuň (Isanyň) ölüminde Oňa meňzemegizi“ ündeıär (Filipililere 3:10). Biz Onuň „morphesini“, ıagny, Özüniň ölüminde bize görkezen Mesihiň keşbini paşlaşmalydyrys. Bu biziň Onuň şol wagdaky Onuň şol tebigatyny paşlaşmalydygymyzy aňladıan däldir. Çünki biz eııäm ynsan tebigatyna eıediris. Ynsan tebigatyna eıe bolmak üçin biziň öz-özümizi üıtgetmegimiziň zerurlygy ıokdur. Emma biz hem „morphä“ ıa-da Mesihiň Öz ölüminde eıe bolan şol oı keşbe eıe bolup bilmegimiz üçin özümiziň oılanmak ugurmyzyň özgermegine mätäçdiris.
„Morphe“ grek sözi keşbi, bir zadyň yzyny ıa-da meňzeşligi aňladıandyr. Adamlar barada bolsa, olaryň „...ıörän bolıandyklary“ (morphe) hakda aýdylýar (2 Timoteos 3:5). Galatýalylara 4:19 aýat „Mesih sizde (imanlylarda) şekillenýänçä...!“ diýip labyzly aseslenýär. Isada edil Hudaýyňka kybapdaş birkemsiz häsiýetiň, ideal oýlanmanyň bolandygy üçin, Ol „Taňrynyň keşbi“ bolupdy. Bu manyda, Ol Özüni „Hudaýa deň“ hasap etmek hakda oýlanmaga ýa-da bilmäge „ogurlyk hasap etmändir“. Bibliýanyň Täze Halkara neşiri Isanyň Hudaý bilen deňligi garamandygy, ýagny başga bir „ýapyşalga“ bolup biljek zat bilen laýyklykda, bu jümläni başgarak terjime edýär. Eger-de bu terjime dogry bolýan bolsa, onda ol Isanyň Hudaýyň Özi bolandygy baradaky teoriýany bütinleý puja çykarýandyr. Bibliýanyň bu neşiriniň terjimesine laýyklykda, Isada ýeke pursat-da Hudaý bilen deň derejede bolmak ideýasy bolmandyr; Ol Özüniň Hudaýa tabyndygyny hem-de Onuň bilen birmeňzeş derejede däldigini bilipdir.
4. Mesih „Öz-Özüni kemeltdii“ (ýa-da, Bibliýanyň [R.V.] Düzediliş girizilen iňlis neşirinde aýdylyşy ýaly, „Özüni düýpli boşatdy“. Muňa salgylanmak bilen, Özüniň haça çüýlenmegi baradaky weliligi Işaýa 53:12 şeýle görkezdi: „ (Ol) Özüniň janyny ajala berdi“. Isa Özüniň şägirtlerine Özüni gul garaýyşda goýmak bilen (Ýahýa 13:14), „Özüne guluň keşbini (häsiýetini) kabul etdi. Ol aýratynda muny Özüniň haçdaky ölüminde anyk aýan etdi (Matta 20:28). Işaýa 52:14 aýatda Mesihiň haçdaky görgüleri babatda şeýle welilik berilýär: „Beıik adamyň ıüz-keşbi tanalmaz ıaly edilipdir, Onuň bolup durşy bolsa, ynsan ogullarynyňka meňzeş bolupdyr“. Özüni „ölüm derejesine, hem-de haçda öldürilme derejesine“ deňeç şeýle progressiw görnüşde kemeltmesi Onuň ýaşan hem-de ölen wagtynda bolup geçen bolup, bu asla Onuň dogluş wagtyna degişli bolup bilýän däldir. Biz bu bölümiň mazmunynyň Isanyň ýerdäki, biziň ynsan görnüşimizdäki oý-pikirlerine degişlidigini hem-de biziň mätäçliklerimiz babatda Onuň oý-pikirleriniň Taňrynyňky bilen doly derejede utgaşýandygyna garamazdan, Öz-Özüni kemeldendigini görkezdik.
5. Eger-de Isa tegigaty boýunça Hudaý bolup, gökleri taşlap ynsan tebigatyny kabul eden bolsa, onda üçbirligiň tarapdarlary Isanyň ýerde bolan wagty „hakyky Hudaý“ bolmandygyny aýdýan aýaty nädip düşündirip bilerdikäler? Emma welin üçbirligiň tarapdarlary Onuň şol wagt hem Hudaý bolandygyny aýdýarlar. Bularyň bary üçbirlik tarapdarlarynyň şeýle kesgitlemesi zerarly ýüze çykýan gapma-garşylyklary görkezýändir.
6. Indi, ahyrsoňy bolsa, geliň „Taňrynyň keşbinde bolmagy“ diýlen jümlä seredeliň. Bu ýerde „bolmagy“ diýlip terjime edilýän grek sözi asyrlardan bäri, ýagny gelip çykyşy boýunça bolmagy diýmegi aňladýan däldir. Resullaryň Işleri 7:55 aýatda „Mukaddes Ruh bilen dolan bolup, Göge seredip, Hudaıyň şöhratyny we Isany gören...“ Stefanus hakda aýdylýar. Şol wagt hem-de mundan birneme öň wagtyň dowamynda Stefanus Mukaddes Ruh bilen doly bolupdy. Ýöne ol munuň bilen hemişe wagt doly bolmandy. Beýleki mysallary hem Luka 16:23; Resullaryň Işleri 2:30; Galatýalylara 2:14 bölümlerinde duş gelmek bolýar. Şonuň üçin-de, „Taňrynyň keşbinde bolmagy“ diýlen jümle Mesihiň diňe Taňrynyň keşbinde (oý-pikirde) bolandygyny aňladýandyr. Bu jümle Onuň bu keşpde wagtyň başlangyjyndan bäri bolandygyny aýdýan däldir.