Aşakdaky ýazylanlar
birinji gezek okalanda düşünmek kyn düşse gerek.
Ýöne ara alyp maslahatlaşylýan soragyň wajyplygy
öwrenýän dersleriňiziň dowamynda has aýdyň
bolar. Mukaddes Kitabyň Hudaýyň özi babatyndaky esasy
ylhamy baradaky doly düýünjä eýe bolmagyňyz
üçin biz bu soragyň üstünde durup geçmegi
makul bildik.
Hudaýyň
Özüni „aýan” etmek ýa-da Özüni görkezmek
isleýän her bir adamsynda Hudaýyň Ady bolup biler.
Şonuň üçin adamlar we Perişdeler hem edil Isa ýaly
Taňrynyň Adyny göterip bilerler. Bu Mukaddes Kitabyň bize
açýan wajyp esasydyr. Mysal üçin ogul öz
atasynyň adyny göterip bilýär. Çünki onda
öz atasy bilen kesgitli meňzeşligi bardyr.
Şeýlelikde kompaniýanyň başlygy hem öz
kompaniýasynyň adyndan gepläp bilýändir. Eger-de
ol munuň ýaly ady göterýän kompaniýada
işlese we Jenap Uliweriň özi bolmasa-da, Ol kimdir birine
iş boýunça telefon edip: „Alýo, bu „Unilewer” bu
ýerde” diýip aýdyp biler. Isa bilen hem edil
şeýle bolupdy.
Çykyş Kitabyň
23:20, 21 aýdylşy ýaly Hudaý
Perişdäniň olaryň öňünden gitjekdigini
Ysraýyl halkyna aýtdy. "Meniň Adym ondadyr",
diýlip olara aýdylypdy. Hudaýyň şahsy ady –
Ýahwedir. Şonuň üçin Perişde hem Ýahwe
adyny göteripdir we Ýahwe ýa-da Reb diýlip bilipdir.
Çykyş Kitabyň 33:20 adamlardan hiç biriniň Hudaýyň
ýüzüni görüp hem-de diri galyp
bilmeýändigi aýdylýar. Ýöne
Çykyş Kitabyň 33:11 biz : " Şonda Reb
biriniň öz dösty bilen gürleşişi ýaly Musa
bilen ýüzbe-şüz sözleşdi",
ýagny zoraýakdan bolmadyk dostlukly äheňde
sözleşdi. Bu Reb Ýahweniň hut Özi bolmandy.
Çünki adamlardan hiç biri Hudaýyň
Özüni görüp bilýän däldir. Bu
Taňrynyň Adyny özünde göterýän
Perişde bolupdy. Şeýlelikde, bu hakykatda Perişde
bolsa-da, biz Musa bilen sözleşen Reb barada okaýarys.
„Hudaý” we „Reb” sözleriniň Hudaýyň
Özüne bolman, eýsem Perişdelere degişli
bolýan birnäçe başga mysallar hem köpdür.
Anyk mysallaryň biri-de barlyk Kitabyň 1:26 berlendir: "We
Hudaý (Perişdeler) diýdi: Öz
keşbimize görä adamy ýaradalyň".
Ýokarda aýdylan
zatlaryň ählisini düşündirmek üçin
örän peýdaly bolan bölümleriň biri hem
Ýahýa 10:34-36. Bu ýerde ýewreýler
ýalňyşlyk goýberdiler. Bu ýalňyşlygy
häzir hem köp „mesihi” diýilýänler
goýberýändirler. Olar Isanyň özüne
Hudaýyň hut Özi diýip aýdandygyny pikir
edipdirler. Isa: „Siziň kanunyňyzda ýazylan dälmidir
eýsem: “Men aýtdym: sizmi hudaýlar?” eger-de
ol hudaýlar diýip atlandyran bolsa...siz (men barada): „Hudaýa
dil ýetirýärsiň” diýýärsiňiz,
sebäbi men: “Menmi Taňrynyň Ogly?” diýip
aýdypdym” diýip, buklarz düyetdi. Isa hakzkatdan hem:
„Köne Ähtde adamlara „Hudaýlar” diýýärler”;
Men Özümiň diňe Taňrynyň Ogludygyny
aýdýaryn; ýöne näme üçin siz
beýle lapykeç bolýarsyňyz?”
diýýär. Hakykatda, Isa Zebur 81-däki aýatlary
gaýtalaýar. Çünki munda Ysraýylyň
kazylaryna „Hudaýlar” diýlipdir.
Görkezilişi
ýaly, Hudaýyň doly ady gadymy ýewreý dilinde
„Ýahwe Ellohimdir”. Bu „Men köp kuwwatlylarda aýan bolaryn”
diýmekligi aňladýandyr. Hakyky ynanýanlar – bu şol
köp kuwwatlylardyr, ýagny kesgitli manyda bu durmuşda we has
doly manyda Taňrynyň Şalygynda diýmekdir. Bularyň
bary Işaýa 64:4 we 1 Korintoslylar 2:9 aýatlarynyň
deňeşdirilmesinde anyk görkezilendir. "Çünki
asyrdan eşidilen däldir, gulak goýulan däldir, we
hiç bir göz umyt baglaýanlar üçin
şonça zady edip biljek Senden özge başga hudaýy
gören hem däldir". Pawlus muny 1 Korintoslylarda 2:9-10
şeýle beýan edýär: "Emma
ýazylyşy ýaly: "Hudaýyň Özüni
söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne
göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi
hyýal edendir". Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly
aýan etdi". Işaýa 64 bölüm
Hudaýyň ynanýanlar üçin taýýarlan
zadyny Özünden başga hiç kimiň
düşünip bilmejekdigini aýdýar. Ýöne 1
Korintoslylar 2:10 aýat bularyň barynyň bize aýan
edilendigini tassklaýar. Şonuň üçin bu manyda
aýdylanda biz „Hudaý” bolup bilýäris, ýagny
Hudaýyň hut Özi däl-de, ýöne Onuň adyna
suwa çokundyrylmadan we Hakykata göz ýetirilmeden soňra
Hudaýy aýan etmegimiz bilendir.
Isanyň Hudaýyň
Ogly hem-de Onuň ýokary derejedäki adamlara aýan
bolmasy hökmünde Taňrynyň Adyny götermeli bolandygy
geň däldir. Ol: „Men Atamyň adyndan geldim”
(Ýahýa 5:43) diýip bilipdir. Özüniň
boýun bolmasyndan soňra Isa Asmana göterilipdir we
Hudaý „Oňa ähli atdan belent ady” Ýahwe adyny –
Hudaýyň Özüniň adyny berdi (Filipililer 2:9). Ynha
şonuň üçin hem biz Isanyň sözlerini Ylham 3:12
şeýle okaýarys: „Onuň maňlaýyna
(ynanýana) Hudaýymyň adyny...Öz täze adymy
ýazaryn”. Haklaşyk güni Isa bize Taňrynyň Adyny
berer. Şonda biz Hudaýyň adyny doly derejede götereris.
Ol bu ada „Öz täze Adym” diýýär.
Isanyň Öz Ylhamyny Asmana göterilenden birnäçe
ýyl geçenden soňra berendigini göz öňüne
tutyň. Bu barada Filipililer 2:9
aýdylýar. Şonuň üçin Ol Taňrynyň
Adyny „Meniň täze Adym” diýip bilýär. Bu
Oňa berlen soňky atdyr. Indi biz Işaýa 9:6
aýatlaryna dogry düşünip bilýäris. Bu bize: „Oňa
at: Täsin, Maslahatçy, berk Hudaý, ebediliň
Atasy...” diýip aýdýandyr. Bu Isanyň
Hudaýyň ähli atlaryny göterjekdiginiň,
Hudaýyň bize aýan etjek ylhamlarynyň doly
ýüze çykmasy boljakdygynyň weliligidir. Bu manyda
Oňa „Emmanuýel” ady dakyldy. Ol Hudaýyň hut Özi
bolmasa-da, bu „Hudaý biziň bilendir” diýmekligi
aňladýandyr.