Çekeleşme 4: Mukaddes Ruhbu şahsyýetmikä?

2.1 we 2.2 bölümlerde Taňry Ruhunyň Onuň „aňyny” giňişleýin derejede görkezýän Onuň güýjüne degişlidiginiň ýeterlikli subutnamasy berlendir. Taňry Ruhy Hudaýyň barlygynyň we şahsyýetiniň dogry görkeziji hökmünde hereket edýändigi üçin, käbir adamlar Taňry Ruhuny şeýle hem Hudaýyň Özi bolan şahsyýet hasaplaýarlar. Geçen bölümleriň üns bilen gaýtadan okalmagy Taňry Ruhunyň Onuň aňydygyny we güýjüdigini görkezer. Eger-de bu beýle bolýan bolsa, onda aň we güýç asla şahsyýet bolup bilmez. Elektrik - bu ony dolandyrýan adam üçin netije berip bilýän göze görünmeýän güýçdir. Ýöne bu şahsyýet bolup bilmez. Söýgi – bu adam häsiýetiniň ýüze çykmasydyr. Ýöne bu şahsyýet bolup bilmez. Taňry Ruhy Öz içine Onuň häsiýetiniň bölegi hökmünde Onuň söýgüsini alyp biler hem-de Onuň güýjüne degişli bolup biler. Ýöne bu Ondan aýratynlykda şahsyýete asla degişli bolup bilmez.

Köp „hristianlaryň” „üçbirlik” doktrinasyna bolan ynamy (ýagny Ruhyň şahsyýetdigi) göz-görtele we uly ýalňyşlykdyr. Bu doktrina boýunça, nähilidir bir usul bilen şol bir birligi aňladýan, ýagny Ata Hudaýy, Mukaddes Ruhy we Isany aňladýan üç sany hudaý barmyş. Bu adamlar Hudaýyň şahsyýet däldigini tassyklaýarlar we şol bir wagtyň özünde-de aýdyň gapma-garşylyga ýol berip, Taňry Ruhunyň şahsyýetdigini aýdýarlar.

„Üçbirligiň” hristiançylyga geçirilen butparaz ideýasy bolandygyna ynanmaga esasy sebäp bardyr we şonuň üçin-de bu söz Bibliýada duş gelmeýär. Hudaýyň üçbirlikdigi ideýasyny kabul edip, hristianlar Taňry Ruhunyň /güýjiň Hudaý bolmasa-da, şeýle hem Hudaýö bolan şahsyýetdigi barada örän täsin netijä gelmeli bolupdyrlar. Haçanda hristianlary munda aýyplanlarynda, olar Hudaý –bu beýik täsinlikdir we biz dogry düşündirmeleri tapmaga synanyşman, eýsem ähli zada ynanmalydyrys diýip, özleri üçin ap-aňsat çykalga tapýarlar.

Emma onda-da, olar Isa Mesihiň sözleriniň we işleriniň aýan eden Hudaýyň üçbirligi barada Täze Ähtdäki salgylanmalara bil baglaýarlar:

"Eý doganlar, men siziň bu syrdan habarsyz galmagyňyzy islemeýärin" (Rimliler 11:25);

"Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan…” (Rimliler 14:24);

"Ine, size bir syry paý edeýin...” (1 Korintoslylar 15:51);

"…niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy" (Efesliler 1:9; 3:3);

Pawlusyň wagzy "Hoş Habaryň syryny wagyz etymek üçin" bolupdy (Efesliler 6:19; Koloseliler 4:3);

"Syry...indi Onuň mukaddeslerine aýan ederin" (Koloseliler 1:26).

Häzir esay doktrinalar babatynda syrlaryň ýokdugyny bellemek gerekdir. Çünki diňe garaňkylykda gezýän adam syrlar barada gepleýändir. Şonda şonuň ýaly adam Ylhamda beýan edilen ýalan diniň sistemasy bolan „Wawilon” bibliýa adynyň „syrdygyna” biynjalyk welin bolmazmyka (Ylham 17:15)? Munuň esasy manysy bu sistemanyň öz imanlaryny syr diýip yglan edýändiginden ybaratdyr. Ýöne welin, hakyky imanly bolanlar ol ýerde aýdylýan zenan barada düşünýärler (Ylham 17:7).

Elbetde, adamlardan Hudaý baradaky öz düşünjelerini subýektiw täsirlere ýa-da özleriniň aňyna täsirini ýetirýän nähilidir bir daşky ruhy güýçleriniň düşnüksiz kesgitli bolmadyk işjeňligine esaslandyrýan munuň ýaly nämälim düşündirmelerini eşitmek bolar. Eger-de biz hakykatdan hem Taňrynyň Sözüniň öwgütleri babatynda sada bolmak isleýän bolsak, onda biz munuň ylhamyny aýan eder ýaly ähli ukyplarymyzy esaslandyrma we umumy netije üçin ulanmalydyrys.

Bibliýada agzalýan Hoş Habaryň wagyzçylarynyň hiç birisi-de: „Bu – bütinleý syr we siz muňa düşünip bilmersiňiz” ýaly jümlä asla gelmändir. Munuň tersine, biz Mukaddes Ýazgylardan öz aňymyzdan peýdalanyp, dogry netijeleri çykarmak ýüzlenmesini okaýarys.

Pawlus Bibliýanyň (biziň şeýle hem bu kitaby okanymyzda) esasy tertipleri baradaky özüniň wagyz nesihatynda „Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi” (Resullaryň Işleri 17:2-3). Bu ýerde kämillige deň bolan yzygiderli, dogry bibliki subutnamasy bardy we hatda sözlemiň özi şeýle sözler bilen başlanypdy: „Pawlus öz endigine görä…subut edipdi” . Bu onuň adaty bolan stili bolupdy (şeýle hem ser. Resullaryň Işleri 18:19). Munuň bilen laýyklykda, Korinfde uly kampaniýa wagty Pawlus „her sabat güni sinagogadagürrüň berip, ehudylary …ynandyrýardyemma olar örän garşy çykdylar…” (Resullaryň Işleri 18:4-6). Imany kabul eden adamlar Pawlusyň Bibliýadan alyp aýdan subutnamlaryny diňleýärdiler; bu ýerde munuň ýaly jümleler bolmandy: "Isany özümiň ýatak jaýymda görüşim", "görlüp-eşidelmedik duýgy meni gurşap aldy", "agşamlaryň birinde men Rebbe sataşdym".

Taňry tarapyndan ruhlanan Ýazgylaryň „olaryň garşy bolandyklaryny” görkezmek bilen, şeýle hem dogrylyga we rasionalizma ündeýändigine üns beriň. Edil munuň ýaly, Antakiýada Pawlus we Barnabas „olar bilen gürrüňdeşlik edip” (Taňrynyň Sözi barada) olary ynandyrýardylar” (Resullaryň Işleri 13:43). Olaryň indiki duralgasy Konýa bolupdy. Olaryň bu ýerdäki „gürrüň berşi uly toparyň iman getirmegine sebäp boldy” (Resullaryň Işleri 14:1).

Haçanda mundan biraz soňra Pawlusy sud edenlerinde, şol bir logika oňa geljege bolan ynamly umydy ruhlandyrmagyny dowam etdiripdi: „Ol dogrulyk, nebsiňe buýurma hem geljek höküm hakda” şeýle aýdyň ynandyryjylyk bilen aýtdy welin, hatda çete çekilen uýatsyz kazy „gorkdy” (Resullaryň Işleri 24:25).

Biziň gürrüňimiz birnäçe subutnamalaryň getirilmegine esaslanýandygy sebäpli, biz öz umydymyza we doktrinamyza bibliýa salgylanmasyny bermelidiris:

„…Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň” (1 Petrus 3:15).

Biriniň şahsy tejribesi hakynda asuda äheňde geplemeklik – bu Hoş Habar umydyna subutnamany getirmek däldir. Şahsy şaýatnama bolan dowamly salgylanma köp „Hoş Habaryny wagyz edýän” mesihileriň wagzy etmeleriniň serişdesi hökmünde bolup, olaryň „umydyna” bolan „delil jogabyň” ýoklugyny nygtaýar. Olara „Rebbiň meniň durmuşymda berjaý eden zadyny we ş.m. ulanmaga” mümkinçilik bermek üçin hristianlaryň arasynda tutuş bir sözlük emele geldi. Munuň ýaly şahsy anekdotlar Pawlusyň: „Çünki biz özümizi däl-de, Mesih Isany yglan edýäris” diýen sözleri bilen düýpli garşy gelýär (2 Korintoslylar 4:5), - bu başga biri bolman, eýsem Isa bilen ýüzbe-ýüz bolup, has köp gepleşen adamyň aýdan sözleridir.

Logiki, bibliýa taýdan biziň imanymyzyň esaslandyrylan usuly biziň Hudaý bilen has giňişleýin gatnaşygymyz üçin ömürimiziň ahyryna çenli nusgany döretmelidir. Hemişe bolşy ýaly, adamlaryň peýdasyna gulluklary ýetirmek kynçylyklaryny çözmek üçin pähim-paýhasdan peýdalan ilkinji hristianlar biziň üçin nusgadyrlar (Resullaryň Işleri 6:2). Ynamlylyk şeýle hem Täze Ähtiň hatlarynda ýüze çykýandyr. Şonuň üçin bularyň okyýjylary bibliýa logikasyny özlerine ýörelge hökmünde kabul ederler. Şeýlelikde, Musanyň kanuny boýunça ýaşap geçen ilkinji ruhanylaryň boluşlary ýaly, biz hem Mesihiň işleri barada jikme-jik göz ýetirip bilýäris (Ýewreýler 5:3). Pawlus Hudaýyň Mesihe bolan görlüp-eşidilmedik söýgüsi hakynda gürrüň berip, biziň „pähimli (grek dilinde logikos, ýagny logiki diýmekligi aňladýandyr) ybadatymyzyň” doly derejede Oňa bagyş edilmelidigini çagyrýar (Rimliler 12:1). „Logikos” diýen söz adatça Taňrynyň Sözüne düşünmäge „söz” hökmünde terjime edilýän „logos” grek sözünden emele gelýändir. Şonuň üçin biziň bibliýa terminlerine logiki jogabymyz hem Taňrynyň Sözünden gelýän söz bolmalydyr.

Munuň netijesinde, Taňrynyň Ruhy barada Hudaýyň Özi däl bolan we şol bir wagtyň özünde-de Onuň Özi bolan şahsyýet hökmünde ýaly tassyklamak ýerlikli däldir. Bularyň barynyň syrly bolandygy hem-de bibliýa terminleriniň logikasyna bagly bolmaýandygy sebäpli, munuň jogaby makul ederlikli däldir. Eger-de biz Mukaddes Ýazgylardan logiki netijeleri çykaryp bilmeýän bolsak, onda Bibliýany bütinleý öwrenmek biderek bolýar; hem-de eger-de Bibliýa diňe gyzykly lenç edilen söz ýa-da gyzyklandyryjy edebi eser ýaly äsgermezlik edilse, onda oňa bolan zerurlyk hem bolmaz. Bularyň bary hristianlaryň köp kitap tekjelerinde bar diýen ýalydyr.

Emma, Taňrynyň Ruhunyň şahsyýetdigine ynanýan käbirleriniň muňa bibliýa taýdan düşündiriş bermäge synanyşýandygyny bellemeklik ýerliklidir. Şahsyýetiň dilinde Taňrynyň Ruhy barada aýdylýan aýatlar agzalýar, mysal üçin, „Göwünlik Beriji” (Ýahýa 14:16) ýa-da Ruhuň „gynandyrylandygyna” salgylanmalar getirilýär.

4.3 bölümde biz ynsan „ruhunyň” närazy bolup (Resullaryň Işleri 17:16), gamlanyp (Barlyk Kitaby 41:8) ýa-da şatlanyp (Luka 10:21) bilýändigi barada gürrüň edýäris. Hereketi döredýän ynsan „ruhy”, ýagny onuň öz barlygy, onuň aňy we niýeti barada aýratyn bir şahsyýet hökmünde aýdylýar. Ýöne, elbetde bu göni manyda kabul edilýän däldir. Taňrynyň Ruhy barada hem şeýle usul bilen aýtmak bolar.

Haçanda Bibliýada abstrakt düşünjeler hakynda aýdylanda, janly nusga diliniň ýygy ulanylýandygyny göz öňüne tutmak gerekdir. Mysal üçin, Süleýmanyň Tymsallarynda 9:1 akyl-paýhas barada edil zenan hakynda ýaly aýdylýar. Bu eger-de adamyň işlerde akyl-paýhasa eýe bolan bolaýsa, onuň nähili bolup biläýjekdigini görkezýär. Akyl-paýhas adamyň aňyndan daşarda bar bolup bilmez. Şonuň üçin hem munuň ýaly janly nusga ulanylýar. Bu barada has jikme-jik edilip „Janly nusganyň esasy” atly 5-nji Çekeleşmede gürrüň berilýär.