Çekeleşme 5: Janly nusganyň esasy

Käbir adamlar şeýtanyň janlandyrylan nusgasy barada örän kynlyk bilen düşünmekleri mümkindir. Sebäbi Bibliýada bu söz şeýle köp agzalýar welin, hatda onuň şahsyýet hökmünde bolşy ýaly täsir ýüze çykýar. Bu bolsa, mümkin adamlary gamlandyrýandyr. Ýöne bu Bibiliýanyň ykrar edilen aýratynlygynyň akyl-paýhas, baýlyk, günä, ybadathana ýaly diri bolmadyk predmetleriň we abstrakt düşünjeleriň janlandyrylan nusgasydygy bilen aňsat düşündirilýär. Diňe şeýtan bilen baglanyşykly bolan ýagdaýda käbir fantastiki teoriýalar goýberilýär. Şu mysallar şekil hökmünde getirilýär:

Akyl-paýhasyň janly nusgasy.

„Hikmen tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly! Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr (onuň garşysyna hiç bir zalymlyk ýokmaz; ol özüne golaýlaşýanlaryň ählisine gowy mälimdir), ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez” (Süleýmanyň Tymsallary 3:13-15);

„Akyldarlyk öýüni saldy, ýedi diregini ýondy” (Süleýmanyň Tymsallary 9:1).

Bu aýatlar baplaryň edil beýleki bölümleri ýaly akyldarlygy zenan ýaly nusgalandyrýar. Ýöne bu sebäpli akyldarlygyň ýerde gezip ýören göni zenandygy baradaky pikir asla hiç kimiň oýuna-da gelmeýär. Hemmeler akyldarlygyň adamlaryň isleýän zadydygyna düşünýärler.

Baýlygyň janly nusgasy.

„Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez; çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona[1] hyzmat edip bilmersiňiz” (Matta 6:24).

Bu ýerde baýlyk hojaýynlar bilen deňeşdirilýär. Köp adamlar baýlyga eýe bolmaga we bu ýol arkaly olaryň hojaýyny bolmaga örän dyrjaşýarlar. Isa bu ýerde biziň muny berjaý edip hem-de şol bir wagtyň özünde Hudaýa gulluk edip bilmeýändigimizi aýdýar. Öwüt-nesihat ýönekeý we täsirlidir. Ýöne baýlygyň Mammon atly adamdygyny hiç kim göz öňüne-de getirmeýär.

Günäniň janly nusgasy.

„…Günä edýän her kişi günäniň guludyr” (Ýahýay 8:34). „günä ölümde höküm sürdi” (Rimliler 5:21). „Boýun bolmagyňyz üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärmisiňiz?” (Rimliler 6:16).

Edil baýlygyň bolşy ýaly, bu ýer-de günä hojaýyn bilen deňeşdirilýär. Günä edýän bolsa onuň gullarydyr. Ýöne bu setirleriň paýhasly bolan okyýjysynyň hiç biri-de Pawlusyň günä - bu adam diýip aýdan sözlerini göni kabul etmez.

Ruhuň janly nusgasy..

„Emma Ol, Hakykat Ruhy gelende, size bütin hakykata tarap ýol görkezer; Çünki Ol Öz-Özünden aýtmaz” (Ýahýa 16:13).

Bu ýerde Isa öz resullaryna olaryň Mukaddes Ruhuny aljakdyklaryny aýdýar we hakykatdan hem Resullaryň Işlerinde 2:3-4 aýdylyşy ýaly bu Pentikost güni boldy: „Olara odunň ýalynlary kimin bölnen diller aýan bolup, her biriniň üstüne gondy. Olaryň bary Mukddes Ruhdan doldular”. Bu olaryň kuwwatynyň Hudaýdan gelýändigini tassyklaýan gudratly işleri döretmek üçin ajaýyp güýji peşgeş berdi. Mukaddes Ruh şahsyýet bolmandy. Bu güýç bolupdy. Ýöne haçanda Isa bu barada aýdanda, Ol „ol” diýen at çalyşmasyny ulanypdyr.

Ölümiň janly nusgasy.

„Seretdim, ine öňümde reňki öçük bir at durdy. Atyň üstünde oturanyň ady ölümdi” (Ylham 6:8).

Ysraýyl halkynyň janly nusgasy.

„Men ýene-de seni ýerleşdirerin, we sen ýerleşdirilersiň Ysraýyl gyzy, ýene-de timpanlaryň bilen bezelersiň…” (Ýeremiýa 31:4). „Ýefremiň aglap durandygyny eşidýärin: „Sen maňa jeza berdiň we men başbermez göle ýaly jezalandyryldym; meni gaýtar we men Saňa ýüzlenerin, çünki Sen meniň Hudaýym Rebsiň” (Ýeremiýa 31:18).

Bu aýatlaryň mazmuny pygamberiň edil adama ýaly gös-göni ýazykly Ýefreme ýüzlenmän, eýsem Ysraýyl halkyna ýüzlenýändigini görkezýär. Bu ýerde Ysraýyl Beýik Britaniýa käte „Britaniýa” ýa-da „Jon Bul” diýilşi ýaly, janlandyrylýan nusgasy berilýär. Bu aýal we bu erkek ýaly adamlar ýokdyr. Ýöne haçanda olar kitaplarda atlandyrylanda ýa-da suratlarda duş gelende, her kim munda Beýik Britaniýanyň göz öňüne tutulýandygyny bilýär.

Mesihe ynanýanlaryň janly nusgasy.

„Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk” (Efesliler 4:11). „Ten bir” (Efesliler 4:4). „Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz” (1 Korintoslylar 12:27). „…Mesih bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başydyr” (Efesliler 5:23). „Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur (Mesihdir)…Men siziň ugruňyzda gören görgülerime indi guwanýaryn, Mesihiň teni bolan imanlylar ýygnagy ugrundaky muşakgatlaryň ýetmezleriniň üstüni öz tenimde doldurýaryn” (Koloseliler1:18, 24). „Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim” (2 Korintoslylar 11:2). „…Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy” (Ylham 19:7).

Bu aýatlaryň bary özüniň kesgitlenmesi bilen Mesihe hakyky ynanýan hem-de Mesihe hakyky ynanýan bolmagyny birwagt bes eden häzirki zaman ybadathanalaryň haýsydyr bolsa birisi bilen gatyşmadyk bolsa-da, käte özlerini „imanlylaryň ýygnagy” atlandyran adamlaryň toparyna degişlidir.

Hakyky imanlylara, ýagny Bibliýanyň hakyky doktrinalaryna ynanýanlara „päk gyz” diýilip atlandyrylýar. Bu olaryň ýaşamaly boljak durmuşynyň päk bolmagyny hem-de laýyk bolan teni aňladypdyr. Çünki hakyky teniň köp funksiýalarynyň bolşy ýaly hakyky imanlylar ýygnagynda-da uly jogapkärçilik bardyr we dürli funksiýalary berjaý edýändir. Haçanda imanlylar ýygnagyna „ten” diýlende, hiç kim ony nähilidir bir şahsyýet bilen bulaşdyrýan däldir. Eger-de sözler dogry terjime edilen bolsa ýa-da eger-de erkekler we aýallar geçen günleriň ýalançy ybadathanalardan gelýän ýalan pikirleri kabul etmedik bolsalar, adamlar şeýle hem iblisi ýa-da şeýtany nähilidir bolsa bir asman „aýylganjy” ýa-da günä batan perişde ýaly kabul etmeýärler.

Robert Robertsiň „Hristiançylyň azaşmasy” atly kitabyndan adaptirlendi.



[1] Mammon: pul