Çekeleşme 6: Kalwinizm
Birnäçe
ýyl mundan ozal Kalwin biziň
ýaşaýşymyzyň takdyry barada özüniň
ideýasyny ýüze çykardy. Şonuň
üçin ýagşy erk baradaky biziň
çözgüdimiz biziň halas bolmagymyza hiç hili
ähmiýet ýokdyr – ýagny, biz halas bolma
üçin ýa öňünden bellenilendiris ýa-da
ondan ýüz dönderilendiris. Bu pikir birnäçe
häzirki zaman ideýalarda üýtgedildi:
·
Bibliýany
ýa-da dini öwrenmek üçin uly tagallalary ýerine
ýetirmegiň haýry ýok. Çünki eger-de biz
halas edilmeli bolsak, onda biz islendik ýagdaýda-da halas
edileris.
- Bize
günä etmäge itergi berýän we biziň öz
erkimize bagly bolmazdan, durmuşymyza kynçylyklary
salýan iblis atly jandar bardyr. Bu ýalan
düşünje 6 bapda çözülýär.
- Durmuşyň dürli
ýagdaýlarynda Taňrynyň hemaýaty soramaga
serurlyk ýok. Ähli zadyň takdyry öňünden
bellenilendigi üçin syýahat wagty howpsyzlyk barada
hemaýat soramak mysal bolup biler. Dünýäde bir
nakyl bar. Muny köplenç aýroportlarada eşitmek bolar: „Eger-de
siziň reýsiňiz ugramaly bolsa, onda ol ugrar”.
- Hoş Habary wagyz edýän ybadathanalar
Mukaddes Ruh itergi bermezden, Bibliýa ynanmagyň ýa-da
oňa düşünmegiň mümkin däldigini
öwredýär.
Munuň ýaly filosofiýadan ýüze döndermek
üçin Bibliýanyň dogry sebäpleri bardyr:
·
Hudaýa boýun bolmagyň bütin
konsepsiýasy biparh bolup galýar. Bibliýada hemişe
bize Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmelidigimizi we
diňe şeýle etmek bilen, Ony şatlandyryp ýa-da
gaýgylandyryp bilýändigimizi aýdýarlar.
Eger-de Hudaý bizi boýun bolmaga mejbur etse, onda bu
konsepsiýa manysyny ýitirýär. Mesih „gulak asanlaryň hemmesi
üçin” halas bolmagy teklip edýär (Ýewreýler
5:10).
- Ýewreýler 11 babynda
Hudaýyň biziň durmuşymyza gatyşmasynyň we
biziň halas bolmagymyzyň soňky görkezmesiniň
biziň imanymyz bilen deň gelýändigi aýdylýar.
Eger-de ähli zat öňünden bellenilen bolan bolsa, onda
Hudaýdan kömek sorap doga bilen
ýüzlenilýän Bibliýanyň köp
mysallary durmuşyň agyr pursatlarynda manysyny
ýitirýär. Edil munuň ýaly halas bolma baradaky
ideýa hem biziň Mesihe bolan ynamyzyň netijesi
hökmünde manysyz bolýar.
- Suwa çokundyrylma halas bolma
üçin başlangyç bolup ýardam
edýär (Markus 16:16; Ýahýa 3:3-5). Muny
kalwinistler kabul etmeýärler. Emma halas bolma Mesihiň
eden işleri zerarly mümkin boldy (2 Timoteos 1:10) hem-de
öňden bellenme abstrakt konsepsiýasynyň netijesi
däldir. Biz muny suwa çokundyrylma usuly bilen ýerine
ýetirip, düşünjeňlik bilen Onuň bilen
garyndaş bolmalydyrys. Rimliler 6:15-17 aýatlarynda biziň
häkimlerimiziň çalyşlary we günäli
durmuşdan boýun bolma durmuşa geçilşi barada
aýdylýar. „Boýun
bolmak üçin üçin özüňizi gul
hökmünde kime tabşyrsaňyz, onuň siz gullary
bolarsyňyz”. Özüňi boýun etmä bermek
baradaky bu dil şertleýin bolmadyk öňden
bellenmäniň garşysyna biziň ýagşy erkimiz
barada anyk aýdýar. Özüňi bagyş edip
berme Hoş Habaryň öwgütleriniň obrazy
boýunça tüýs ýürekden boýun
bolma arkaly bolup geçýär (Rimliler 6:17).
- Eger-de biz ahyrsoňy nähilidir bir usul
arkaly öňden bellenilen bolsak, onda Hudaý
üçin Öz Sözüniň bize
aýtmaklygynyň zerurlygy hem bolmazdy. Onda wagyz etmegiň
hem zerurlygy bolmazdy; emma Bibliýa öwüt-nesihatlarynda
bolşy ýaly bularyň göz-görtele mysallarynda hem
Sözüň wagyz edilmesi arkaly erkekleriň we
zenanlaryň halas bolma geljekdiklerini görkezýär.”Gutulyş Sözüdir” (Resullaryň
Işleri 13:26) adamlara gelmelidir.
- Bizi işlerimize laýykda höküm
ederler (Ylham 22:12). Eger biziň
ýagşy erkli işlerimiz halas bolma üçin wajyp
bolmaýan bolsa, onda näme üçin? Pawlus
ýewreýleriň Taňrynyň Sözünden
ýüz döndermeleri bilen, özlerine ebedi
ýaşaýyşyna mynasyp bolmadyk hökmünde
höküm edendiklerini aýtdy (Resullaryň Işleri 16:46).
Olar özlerine höküm çykarypdylar we Hudaý
olara päsgel bermändir. Eger-de biz Hudaýyň
käbir adamlaryň halas bolmagyny we käbirleriň bolsa,
ýazgarylmagyny öňünden belläp goýar
diýsek, onda Onuň käbir adamlara günäkär,
käbirlerine bolsa, takwa bolmagy mejbur etdirýändigi
bolýandyr. Adam Atanyň günäsi zerarly „…ölüm hem ähli adamlara
geçdi; çünki hemmesi günä etdi” (Rimliler 5:12). Adam Atanyň
günäsine çenli Hudaý olary birnäçe
wagtlap günäli bolmagy mejbur etmedi. Ynha şonuň
üçin-de günäniň jezasy üçin adamlar
ölýärler (Rimliler 6:23).
- 1 Korintoslylar 10 babynda we şeýle hem
Bibliýanyň başga köp ýerlerinde
geçmişde birwagt Hudaý bilen garyndaşlyk
gatnaşyklarynda bolan, ýöne soňra ynanýanlar üçin
duýduryş ýaly, Ondan çetleşen adamlar barada
aýdylýar. „Imandan
çetleşmäniň” (Galatýalylara 5:4)
mümkindigi baradaky şol fakt halas bolma (gutulyş)
sistemasynyň ýoklugyny aňladýar, ýagny
kalwinizmiň munda tassyklaýşy ýaly „birwagt halas
bolan (imanda gutulan) hemişe halas edilendir”. Eger-de biz
hemişe hakyky öwgütlere ynansak, diňe şonda biz
halas edilip bilners (1 Timoteos 4:16).
- Isa Taňrynyň Sözlerine
düşünmegiň biziň ýagşy erkimizň
tagallalaryna hem birnäçe derejede baglydygyny anyk
aýdypdyr. „Okyjy
düşünsin” (Matta 24:15). Şeýlelikde, biziň
özümiz söze düşünmäge
çalyşýandyrys, hiç kim muny etmäge mejbur
edenok. Bu sözleriň we Isanyň ýygy-ýygydan
gaýtalaýan sözleriniň arasynda meňzeşlik
bardyr: „Kimde gulak bar bolsa,
goý eşitsin” ýa-da düşünsin. „Kimde gulak bar bolsa, goý
eşitsin” diýlen sözler Taňrynyň
sözleriniň okalyşy bilen
deňeşdirilýär. Taňrynyň Ruhy Onuň
sözi arkaly örän güýçli derejede
aýan bolýandyr we şonuň üçin-de, Isa Onuň
ruhlanan sözlerinde „Ruhyň
bardygyny” (Ýahýa 6:63) aýdyp bilipdir. Taňrynyň
Ruhunyň adamyny bu söze boýun bolmagy mejbur etmek
üçin Onuň sözüne gelmezden, adama işleýşini
göz öňüne geirmek mümkin däldir.
- Hoş Habar özüniň
ýaşaýyş sözüne seslenýän hemme
adamlara şeýle diýýär: „Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş
suwuny mugt alsyn” (Ylham 22:17).