Pentikost güni uly
mähelläniň öňünde çykyş edip, Petrus
adamlary suwa çokundyrylma we Mukaddes Ruhuň peşgeşini
almaga çagyryp, özüniň ýüzlenmesini 38-nji
aýat bilen tamamlady. Resullaryň özleriniň mähelle
bilen dürli dillerde gepleşme peşgeşlerini ulanandyklary
hem-de şeýle etmek bilen, özleriniň Ýoil
pygamberiň keramatly peşgeşleriň düşünjesi
baradaky weliligini (Resullaryň Işleri 2:16-20) berjaý
edýändiklerini adamlara düşündirendikleri
üçin Mukaddes Ruhunyň peşgeşine salgylandy.
Petrusyň özüni mähellede diňläp duran
ysraýyllylara Ruhuň keramatly peşgeşlerini wada
berendigini çak etmek bolar. Mähelle butparazlardan bolman,
eýsem iudeýlerden ybarat bolupdyr (Resullaryň Işleri 2:5).
Ýoil pygamberiň peşgeşleriň berilmesi baradaky
weliligi ilki bilen iudeýlere degişli bolupdyr. Şonuň
üçin Petrus olara ýüzlenip, şeýle
diýipdir: „Wada siziň
özüňiz we çagalaryňyz üçindir” (Resullaryň
Işleri 2:39). Mümkin ol Ýoilyň weliligi
boýunça Ruhuň ysraýyllylara we olaryň
çagalaryna ýollanjakdygyny göz öňünde
tutandyr (Resullaryň Işleri 2:17; Ýoil 2:28-32 bilen
deňeşdiriň). Bu ýerde şeýle hem bu keramatly
peşgeşler baradaky wadanyň diňe iki nesle, ýagny
Petrusy diňlänlere we olaryň çagalaryna salgylanandyga
kakdyrylan bolmagy hem ähtimaldyr
Biz birinji asyryň
ahyryna çenli (ýagny Petrusyň sözünden 70
ýyl geçenden soňra) peşgeşleriň
özüniň barlygyny togtadandyklaryny görkezdik. Bu
şeýle hem taryhy görkezmeler bilen tassyklanýandyr.
Şol iki nesliň dowamynda peşgeşler butparazlarda hem
bolupdyr: „Çünki wada
siziň özüňiz, çagalaryňyz we bütin
uzakdakylar, şeýle hem Hudaýymyz Rebbiň
çagyrjaklarynyň ählisi üçindir” (Resullaryň
Işleri 2:39). Buparazlara „bütin
uzakdakylar” diýlip beýan edilşine üns beriň
(Efesliler 2:14-17 bilen deňeşdiriň).
Emma Resullaryň Işleri 2 bapda beýan edilen wakalaryň Ýoil 2 bapda aýdylýan wadanyň diňe uly bolmadyk bölegidigini hasaplamaga esas bardyr. Ysraýyla duşman goşunlary çozup, olaryň derbi-dagyn ediljeklerinden (Ýoil 2:20) hem-de mundan soňra ysraýyllylaryň toba edip, Hudaý bilen bagtyýar gatnaşykda ýaşajaklaryndan (Ýoil 2:27) soňra esasy welilik amala aşar. „we bolar mundan soňra, Öz Ruhumdan guýaryn…” (Ýoil 2:28). Öňünden aýdylan bu şertler berjaý ediläýnçä, Resullaryň Işleriniň 2 babynda beýan edilişi ýaly, Pentikost gününde bolup geçen uly bolmadyk şol wakalardan başga Ýoilyň beýleki sözleriniň amala aşmasyna garaşyp bilmeris.
Ruhuň
peşgeşini almak baradaky wada suwa çokundyrylmadan soňra
häzir bize hem degişli bolup biler. Diňe bir Ruh bardyr,
ýöne ol dürli usullar arkaly aýan bolup
bilýändir (1 Korintoslylara 12:4-7; Efeslilere 4:4). Birinji asyrda
bu keramatly peşgeşleriň üsti arkaly bolup geçipdi.
Häzir, haçanda olar yzyna gaýtarylanda, „Ruhuň
peşgeşiniň” başga usul arkaly amala aşyşyny
görmek bolar. „Mukaddes Ruhuň Peşgeşi” „Mukaddes Ruhuň
özi bolan peşgeşe” ýa-da „Mukaddes Ruhuň
aýdýan peşgeşine” degişli bolup biler,
ýagny ruhlanan Taňrynyň Sözüniň wada eden
günä geçilme we halas edilme peşgeşine degişli
bolup biler. Peşgeşiň amala aşyşynyň
beýleki mysallary hem köpdür ( ýagny, bu ýerde
eýelik düşümde duran sözler). „Hudaýy tanamak” (Koloselilere 1:10) Hudaýda bar
bolan akyl ýetirmäni ýa-da Hudaý baradaky akyl
ýetirmäni aňladyp biler. „Hudaýyň
söýgüsi” we „Mesihiň
söýgüsi” (1 Ýahýa 4:9; 3:17; 2 Korintoslylara
5:14) Hudaýyň we Isanyň bize bolan söýgüsini
ýa-da biziň olara bolan söýgümizi aňladyp
biler. „Taňrynyň Sözi” Hudaýdan gelen Hudaý
ýa-da söz baradaky sözi aňladyp biler. Şonuň
üçin Mukaddes Ruhuň peşgeşi Mukaddes Ruhuň mümkin
edýän we ol barada aýdýan peşgeşine we
şeýle hem Mukaddes Ruhuň güýjünden ybarat
bolan peşgeşe degişli bolup biler.
Rimliler 5:16 we 6:23
aýatlarda halas edilme Resullaryň Işleriniň 2:38
aýatyndaky Ruhuň „peşgeşi” sözi bilen
deňeşdirilip, edil „peşgeş” ýaly beýan
edilýär. Hakykatda welin, 2:39 aýatda halas edilme babatda
Ýoil 2:32-den sözleriň Ruhuň peşgeşi
hökmünde getirilmegi mümkin. Petrusyň şol
„uzakdakylara” bolan wada edilen peşdeşe salgylanmasy
Işaýanyň 57:19 sözleri bilen utgaşýar: „Parahat, parahat (günä
geçilme arkaly Hudaý bilen) daşdaka”. Efeslilere 2:8 aýatda hem peşgeş halas
edilme hökmünde beýan ediläýr. Birnäçe
setirler aşakda bolsa şeýle diýilýär: „Onuň üsti arkaly, şolarda
hem beýlekilerde Ata bir Ruhda (peşgeşde) ýol bardyr” (2:18). Bu
şeýle hem Efeslileriň 2:13-17 Işaýanyň 57:19
aýaty bilen utgaşýandygy baradaky fakt bilen
tassyklanýar: „Bir wagtlar
Hudaýdan daş bolan siz indi Mesih Isada, Mesihiň gany
saýasynda Oňa ýakyn bolduňyz. Çünki Ol biziň
parahatlygymyzdyr…we gelip, daşdaky size hem ýakyndakylara
parahatlygy yglan etdi”.
Işaýa 30:1
aýatda ysraýyllaryň Taňrynyň Ruhunyň
peşgeşi bilen bolman, eýsem öz ýollary arkaly
günä geçilmäni gözländikleri üçin
ýazgarylýar: olar „birleşmeleri
baglaşýarlar (gutulma), ýöne
günäni günä çatmak (aýyrmak däl) üçin Meniň Ryhum
boýunça däldir”. Işaýa 44:3 aýat
Ysraýylyň günäden geçilmesiniň soňky
gününi şeýle sözler bilen beýan
edýär: „Men
suwsaýanlara suw we guraýanlara akymlary guýaryn (ruhy
taýdan gurap galanlar – Işaýa 53:2); Öz Ruhumy seniň taýpaňa we Özümiň
patamy seniň nesilleriňe guýaryn”. Ybraýymyň
nesillerine pata berilmesi ysraýyllylara Ruhuň guýulmagy
bilen deňeşdirilýän Mesih arkaly bolýandyr
(Resullaryň Işleri 3:25-26). Bu ýerde Ýoil 2 we
Resullaryň Işleri 2 aýatlaryndaky sözler anyk kabul
edilýär. Galatýalylara 3:14 aýatda bularyň bary
şeýle sözler bilen jemlenýär: „Ybraýymyň berekedi (günä geçilmesi) Isa Mesih arkaly milletlere iner
ýaly, bize-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly…”. 1
Korintoslylara 6:11 aýatda biziň günälerimiziň „Hudaýymyzyň Ruhy arkaly” ýuwulşy
barada aýdylýar. Rimlilere ýazylan hatda „merhemet…ýaraşygy…Ruhy” (1:5;
5:11; 8:15) alanlar bolan biziň aramyzdaky deňlik
bellenýär hem-de munuň bilen, Ruhuň
peşgeşiniň („merhemetiniň”) we ýaraşyga getirýän
günä geçilmäniň arasyndaky baglanyşygy
görkezýär. Täze we Köne Ähtiň ilkinji
okyjylarynyň ysraýyllylar bolandygyny hem-de olara resullaryň
hatlarynyň ýetiren täsirlerini göz öňüne
tutmak bilen, bularyň diliniň labyzlygyna aşa baha bermek
kyndyr. Musanyň 5 Kitabynda we Isa Nawiniň Kitabynda
Hudaýyň öz halkyna ýer bermek wadasy barada
ençeme gezek aýdylýar – „seniň Rebbiň Hudaýyň saňa
eýeçilik etmäge ýer berer”. Bu jümle
Täze Ähtde ýygy-ýygydan duş gelýär.
Täze Ähtde „ýer” sözüne derek „halas edilme”
sözi ulanylýar, diýmek Taňry peşgeşi
häzirki perspektiwada elbetde günäleri bagyşlamak bilen
utgaşykdadyr.
Petrus iudeýlere peşgeşi almakdan öňürti toba etmeklerini haýyş etdi. Bu bolsa, şahsy doga okalmagyna getirdi. Ruhuň peşgeşiniň okalýan doga bolan jogabyň beýan edilşiniň usulydygyna ynanmaga esas bar diýen ýaly görünýär. Dogada „dilänlere oňat zatlar bermek” – bu Mukaddes Ruhuny (peşgeşi) bermek diýan ýalydyr (Matta 7:11; Luka 11:13 bilen deňeşdiriň). Filipililere 1:19 aýatda hem bu: „Çünki munuň siziň dogalaryňyz arkaly hem-de Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly meniň gutulmagyma sebäp boljagyny bilýärin" diýlip gürrüňsiz aýdylandyr. Şeýle hem 1 Ýahýa 3:24 aýatda biziň ündewlere boýun bolmagymyzyň netijesinde bize Ruhuň berilýändigi aýdylýar. 22 aýatda bolsa, Onuň ündewlerini berjaý etmegiň dileýän zadymyzy almagymyza getirýändigi bellenilýär. Şeýlelikde, biziň ynamymyz Hudaýyň biziň dileg-dogalarymyzy nähili eşidýändigi (1 Ýahýa 5:14) hem-de Ruha eýe bolmak bilen (1 Ýahýa 3:21, 24; 4:13) şertleşýär. Görşümiz ýaly, bu aňlatmalar biri-birine laýyk gelýändir.
Köplenç „merhemet” diýlip terjime edilýän Grek sözi "charis" Taňrynyň peşgeşi bilen baglanyşykda ýygy ulanylýandyr. „Biz Reb Isanyň merhemeti (peşgeşi bilen) bilen gutulandygymyza ynanýarys” (Resullaryň Işleri 15:11). Şol bir wagtyň özünde-de „merhemet” sözi köplenç doga-dilege berlen jogap bilen baglanyşýar (mysal üçin, Çykyş 33:12; 34:9; Sanlar 32:5; Zebur 84:11; 2 Korintoslylara 12:9; Ýewreýlere 4:16; Ýakup 4:6; 3 aýat bilen deňeşdiriň). Zekerýa 12:10 aýatynda ysraýyllylara „merhemet we rehimdarlyk ruhunyň” inmeginiň soňky güni barada aýdylýar. Munuň bilen günä geçilme manyda doga-dilegiň (rehimdarlygyň) Ruhuň peşgeşini almaga sebäp bolup bilýändigine biziň pikirimiz jemlenýär hem-de Ruhuň berilmesi ysraýyllylaryň birinji asyrda we soňky günlerde toba gelmesi bilen tassyklanýan doga-dilegiň jogabyna bolýandyr. Pawlus hem bu manyda toba gelmä we rehim edilmä bolan „Taňrynyň sylaglary we çakylygy” barada aýdýar (Rimlilere 11:29).
Edil şol çemeleşme Ýahýanyň 14 we 16 baplarynda beýan edilen Köşeşdirijiniň wadasy babatynda hem edilip bilner. Ilkibaşda bu resullaryň başaryp bilen keramatly güýçlerine degişli bolupdyr. Çünki wadany ilki bilen olar alypdylar. Bu şeýle hem keramatly manyda bolman, eýsem adaty manyda bize-de degişli bolup biler. Resullara berilýän keramatly güýçler mümkin olara Hoş Habaryň hatlaryny ýazmaga ýardam bermeli bolandyrlar. Peşgeşler (sylaglar) „Meniň aýdan ähli zatlarymy size öwretmeli we ýadyňyza salmaly” (Ýahýa 14:26) bolupdylar. „Ýada salmak” sözüniň özi Isanyň çopançylyk döwründe, Onuň bilen ýaşap geçen resullara Köşeşdirijini berilek wadada ajaýyp elementiň çäklerini çäklendirýär. Şol bir wagtyň özünde-de, biziň 2.5 bölümde eýýäm görkezişimiz ýaly, „Köşeşdirijiniň” wadalarynyň dili Bibliýany doly ýazmak güýjünde hem ulanylandyr. Şonuň üçin biz Ruhuň bu we şeýle hem beýleki wadalarynyň biziň eramyzyň birinji asyrynda gudratlar arkaly berjaý edilendigine, ýöne häzir olaryň bize Bibliýada ýazylan Taňrynyň Sözünde Ruhuň aýan bolmasy hökmünde degişlidigine netije çykaryp bilýäris.
Taňrynyň Ruhunyň geçmişde ýazylan söz arkaly aýan bolandygy elbetde dogrudyr. Ýöne bu häzir bizde bar bolan doly ýazylan Taňrynyň Sözündäki (1 Korintoslylara 13:9-13) şol dolulyk („kämillik”) bilen deňeşdirilende diňe ylhamyň ýarysy bolupdy. Şonuň netijesinde, Täze Äht ýazylyp gutarylanda peşgeşler yzyna gaýtarylandan soňra Hudaýdan başga hiç hili ylhamyň bolup bilmedigini aýtmak bolar. Mormonyň Kitabynda we munuň ýaly beýleki neşirlerde Bibliýanyň doly ylham däldigi baradaky pikirleriň düýp esasy ýokdyr. Häzir Ruhy peşgeşleriň ýoklugy Bibliýanyň doly derejede ýazylandygyna tassyknama bolup ýardam edýär. Şeýlelikde, eger-de biz Taňry ylhamynyň bütin dolulygyndan peýdalanmak isleýän bolsak, onda biz onuň her bir bölegini, ýagny Köne hem-de Täze Ähtini ulanmalydyrys. Diňe şonda Taňry adamsy Hudaýyň Sözünde aýan bolýan Onuň dolulygy ýaly doly derejede bolup biler.