Bu sözlerden tüýs ýürekden ynanýan islendik adamyň keramatly peşgeşleri aljakdygy netije çykarylypdy. Ýöne bu çendenaşa köp zady tassyklaýar: „Ýylanlary tutarlar; öldürýän zäher içseler, olara zyýan etmez; syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar” (Markus 16:18). Eger-de imanly adamda ýeterlikli derejede ynamy bolaýan bolsa-da, bu teoretiki taýdan bolup biljekdigi baradaky wada däldir. Bu imanlylaryň berjaý etjek hakyky wadalary hakynda bolupdy. Eger-de munuň ýaly gudratlar häzir bolmaýan bolsa, onda bu aýatyň wadasy bize häzirki döwürde ýetip bilmezdi. Siz Pawlusyň elinde zäherli ýylany saklap durandygyny hem-de ony çakmadygyny ýatlap bilersiňiz (Resullaryň Işleri 28:3-7). Bu onuň wagyz-nesihatynyň Hudaýdan bolandygyna tassyknama boldy.
Özlerinde bu peşgeşleriň bardygyny aýdýan Taňrydan ruhlanan ähli hristianlaryň içinden heniz hiç kim soňky ýüz ýylyň dowamynda bular ýaly güýçleriň ulanyşyny hakykatda tassyklamady. Eger-de her bir imanly munuň ýaly derejedäki alamatlary görkezip bilmeýän bolsa, onda bu wada häzir hem amala aşyp bilmez. Bu biziň Ruh babatynda Bibliýadan eden maglumatymyzdan eden netijämizi tassyklaýar. Bu gudratly peşgeşlere biziň eramyzyň birinji asyrynda ýaşap geçen irki hristianlar eýe bolupdyrlar. Ýöne Ruhuň bu peşgeşleri özleriniň hereketini bes etdiler hem-de Täze Ähtiň Mukaddes Ýazgylary tamam bolandan soňra yzyna gaýtarylyp alnypdyr.
Markusyň 16-njy babynyň soňky aýaty imanlylara „hemra bolan” gudratlaryň ýörüte Hoş Habaryň dilden aýdylan sözlerini tassyklamak üçin niýetlenendigi barada oýlanmaga esas döredýär: „Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar…Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy” (Markus 16:17, 20). Ýöne dilden aýdylan bu söz (bizde häzir Täze Ähtde bolşy ýaly) doly derejede ýazylandan soňra, imanlylara hemra bolar ýaly gudratly alamatlara bolan zerurlyk hem ýok boldy.
Bellik: Mukaddes peşgeşlere eýe bolmagyň tassyknamalary şeýle bir giň derejede ýaýrady welin, hatda 1989-nhy ýylda Taňrydan ruhlanan hristianlaryň çopany Jon Laýlikas we iki Hristadelfianlerden bolan Jon Olfri hem-de bu setirleriň awtorynyň arasynda iki uly köpçülikleýin pikirlenişmeler bolup geçdi. Pikirlenişmäniň temasy: „Häzir Mukaddes Ruhuň gudratly peşgeşlerine eýe bolanlar barmyka?” boldy. Çakylyklar Beýik Britaniýanyň köp ybadathanalaryna ýollanyldy. Munuň netijesinde, auditoriýada 1000 gowrak adam boldy. Häzirki döwürde peşgeşlere eýe bolmagyň iň gowy „subutnamasynyň” gözkezilendigine boýun almak gerek. Protokolyň nusgasyny kitabyň başynda görkezilen salgylar boýunça almak bolar.