Çekeleşme 9: Gökleriň we ýeriň weýran bolmagy (Ylham 21:1; 2 Petrus 3:6-12)
Hudaýyň niýetiniň Öz Patyşalygyny şu ýerde dikeltmekden ybarat bolandygy üçin (ser. 6-njy bap we 4.4 bölüm) Onuň biziň planetamyzy ýok etmegi mükin däl bolup görünýär. 4.3 bapda Onuň muny etmejekdigini wada berşi telim gezek aýdylýar. Gökleriň we ýeriň weýran edilmesi babatda ýokarda görkezilen salgylanmalaryna göçme manyda düşünmelidir.
Petrusa ýazylan hatyň bölümi Nuhuň döwründäki ýerdäki hökümiň hem-de geljekdäki Rebbiň gününde boljak wakanyň arasyndaky utgaşmany görkezýändir. Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi. Ýöne welin, häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe gününe çenli saklanýar (2 Petrus 3:6-7). Petrus weýran ediji suw bilen Mesihiň ikinji gezek gelşinde ulanyljak odyň arasyndaky tapawudy belläp geçýär. Nuhuň döwründäki gökler we ýer gönümel manyda weýran edilmändi, ýöne günäli bolan her bir janly zat heläk bolupdy (Barlyk Kitaby 7:21; 6:5, 12 bilen deňeşdiriň). Gökler we ýer şuňa görä-de predmet sistemasyny ýa-da ynsan guramasyny aňladýandyr. Bu bölüme nädogry düşünýänler ýokarda aýdylýan gökleriň weýran edilmesi sözüne üns bermezlige has golaýdyrlar. Olary gönümel manyda düşünmeli däldir. Çünki olar günäniň ýok ýeri bolup (Awwakum 1:13; Zebur 64:4-5), Hudaýyň ýaşaýan ýeridir (Zebur 122:1). Olar Hudaýyň şöhraty hakda Hoş Habary ýetirýänlerdir (Zebur 18:2). Eger-de gökleriň weýran edilmesi baradaky söze göçme manyda düşünmeli bolunsa, onda bu has-da ýere degişli bolup biler.
Şu aşakdakz bölümler Bibliýanyň beýleki bölümlerinde agzalýan gökler we ýer sözlerini göni manyda düşünmeli däldigine şaýatlyk edýändirler. Çünki olar ýerdäki predmet sistemasyna degişlidirler:
· Ýere seredýärin we ol ynha indi weýran edilen we boşdur, -göklere garasam, olarda-da ýagtylyk ýokdyr...Çünki Hudaý şeýle diýdi: bütin ýer (Ysraýyl) boşadyljakdyr... Munuň üçin ýer göz ýaş eder we gökler hem ýokardan tukat görnerler (Ýeremiýe 4:23-28). Bu gökler we ýeriň we Ysraýyl halkynyň üstünden gopjak höküm baradaky welilikdir. Bu zatlaryň bary üçin gökler we ýer göz ýaş eder (göçme manyda).
· Musa öň ähli ysraýyllylara şeýle ýüzlenipdir: Gulak goý, eý asman: men sözlejek; we sen hem ýer, meniň dilimden çykýan sözlere gulak goý (Ikinji Kanun Kitaby 32:1). Bu ýerde onuň ýüzlenen halkynyň iki toparynyň bardygy nygtalýandyr: 1) tireleriň ýaşulylary we 2) ysraýyllylaryň bütin ýygnagy (Ikinji Kanun 31:28, 30). Ýaşulylary göklere we adaty adamlary bolsa ýere deňeşdirilýändir.
· Işaýa özüniň weliligini munuň ýaly äheňde başlapdy: Gökler, diňläň we ýer, gulak goý şa Rebbiň sözüni diňläň...halk, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý (Işaýa 1:2, 10). Bu ýerde ýene-de gökler we şalaryň hem-de ýeriň we halkyň arasyndaky utgaşma seredilýändir.
· Ol Öz halkyna (Ysraýyla) kazylyk etmek üçin göklere we ýere ýokardan gygyrýar (Zebur 50:4). Bu aýat öz-özi üçin aýdýandyr.
· Çünki Meniň gylyjym göklerde taýyn boldy: ynha, ol höküm üçin Ýedomya inýär... Rebbiň gylyjy gandan dolar... Rebde... Ýedom topragyna uly ary bar (Işaýa 34:5-6). Gökler bu ýerde Erem bagyna salgylanýandyr. Şuňa görä-de, bütin asman leşgerleri çüýreýär (Işaýa 34:4) diýilip öňden aýdylan welilik Erem bagynyň pide bolmagyna degişlidir.
· Işaýa 13 bapda weýran ediji hakda aýdylýan gökler we ýer Waeilon halkyna degişlidir. Wawilon hakdaky aýdylýanlaryň hatarynda Hudaý: Gögi siltärin we ýer öz ýerinden gozganar Şonda her kim yzarlanýan dag keýigi ýaly öz halkyna garşy ýüwürer, we her kim öz ýerine gider (Işaýa 13:13-14). Bu ýerde gögüň we ýeriň ýerinden gozgadylmasy halkyň gaçmagyna degişlidir.
Bularyň baryny ýatda saklap, Täze Ähtiň göklere we ýere eden salgylanmalarynyň Mesih dolanyp gelende Taňrynyň Patyşalygy bina edilende dörediljek şol guramanyň täze sistemasyna degişli bolar.
2 Petrus 3 babynyň has ünsli edilip okalmagy hem muny tassyklaýandyr. Gökleriň we ýeriň ahyrynyň beýan edilmesinden soňra 13 aýat şeýle dowam edýär: Biz Onuň wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer. Bu ýerde Işaýanyň 65:17 aýatynda aýdyan Hudaýyň wadalary jemlenýändir: Çünki ynha, Men täze gökleri we täze ýeri ýaradýaryn. Işaýa 65 babyň galan bölümlerinde bolsa bu ýerdäki ýaşaýyş guramanyň täze sistemasynyň beýan edilişi berilýändir: Men Ýerusalimi şatlyk bilen ýaradýaryn Başga biri ýaşar ýaly gurnalmaz ýüzýaşly oglan bolup öler (ýagny, ömrüň dowamlylygy köpeldiler) Möjek we guzy bile bakylar (Işaýa 65:18-25). Bu Hoş Habarlar geljekdäki Hudaýyň ýerdäki Patyşalygyna häzirki kämil bolmadyk ýaradylanlaryň ýerini tutjak täze göklere we ýere anyk degişlidir.